Ýurdumyzda daşary döwletlerden getirilýän önümleri özümizde öndürmek, senagat ugurly önümleriň önümçilik depginini artdyrmak babatda maksada gönükdirilen işlere goşant goşmakda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Agaýana» hususy kärhanasy hem uly tagalla edýär. Bu kärhananyň direktory Çaryguly Berdiýewiň “Rysgal” gazetiniň 2020-nji ýylyň 7-nji sentýabryndaky sanynyň 4-nji sahypasynda çap edilen “Islegli we amatly önüm” atly makalasynda-da «Agaýana»-da eksportyň ornuny tutýan önümiň önümçiliginiň ýola goýulandygy barada beýan edilýär.
Telekeçi makalasynda Mary welaýatynyň Oguzhan etrabynda ýerleşýän hususy kärhanasynda, esasan, ýerli çig malymyzy — gowaça we agaç gyryndylarynyň dykyzlandyrylan gatlagyny ulanyp, önümçilikde uly höwes bilen peýdalanylýan, agaç gyryndylaryndan ýasalan örtükleriň — DSP-leriň önümçiligini alyp barýandygy barada söz açýar. Şeýle-de, ol häzirki wagtda kärhanasynda DSP we laminirlenen DSP öndürilýändigini, bu önümleriň ekologiýa taýdan arassa, gaýtadan işlemekde oňaýly we ýeňil bolmagyny gazanýandyklaryny, önümçilikdäki bu usullarynyň bolsa özlerine daşarky bazara çykmak üçin oňaýly şertleri döredýändigini nygtaýar.
Telekeçi Çaryguly Berdiýew, öz makalasynda: “Kärhanamyzda bir ýylyň dowamynda 20 müň kub metr önüm öndürmäge mümkinçilik bar. DSP-leriň ölçegi 1,83 — 2,75 metr bolup, galyňlygy 8 millimetrden 24 millimetre çenlidir.
«Agaýana» hususy kärhanamyzyň hünärmenleridir işçileri öndürilýän önümleriň hiliniň hemişe ýokary we bäsleşige ukyply bolmagyny gazanýarlar. DSP-ler laminirlenen (öl geçmezlik üçin daşy örtülen) görnüşde hem öndürilýär. Bu önümler, esasan, üçekleri we diwarlary örtmäge niýetlenendir. Şeýle hem, mebelleriň dürli görnüşlerini öndürmekde, tekje we gapy ýasamakda, germewleriň gurluşygynda, jaýlary bezemekde ulanylýar.
Kärhanamyzyň önümçilik toplumy Hytaý, Türkiýe, Eýran ýaly döwletleriň önüm öndürijileriniň ýokary hilli önüm öndürmäge mümkinçilik berýän kämil enjamlary bilen enjamlaşdyryldy. Bu ýerde täze iş orunlarynyň yzygiderli döredilmegi, öndürilýän önümleriň bolsa hil, görnüş babatda-da daşary ýurtlardan getirilýän harytlardan pes däldigi, nyrh babatda bolsa, bahalaryň elýeterli bolmagy diňe bir bu kärhananyň golaý-goltumyndaky adamlary, ýerli ýaşaýjylary däl, eýsem, sebitiň gurluşykçylaryny, bu önümiň hyrydarlaryny, elinden dür dökülýän mebelçileri we beýlekileri hem tüýs ýürekden guwandyrýar. Bu bolsa bize yhlasly işlemäge, öndürijilikli zähmet çekmäge gujur-gaýrat berýär.” – diýip bellemek bilen, öz kärhanasy baradaky esasy maglymatlary okyjylaryň dykgatyna ýetirýär. Telekeçi öz makalasynyň ahyrynda öz maksadynyň diňe bir sebiti ýa-da ýurdumyzy DSP önümleri bilen üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, özleriniň öndürýän, dünýä ülňülerine laýyk gelýän önümlerini dünýä bazarlaryna köpçülikleýin çykarmakdan hem ybaratdygyny nygtaýar. Şeýle hem ol, hormatly Prezidentimiziň türkmen telekçilerine döredip berýän mümkinçiliklerine hoşallyk bildirip, öz makalasyny jemleýär.
Teswirler