Bejergiden boýun gaçyranlar tussag edilip bilner

Howply diýlip ykrar edilen ýokanç kesellerden bejergi almakdan bilkastlaýyn boýun gaçyran adamlar indi iki ýyla çenli azatlykdan mahrum edilip bilner. Türkmenistanyň Jenaýat kodeksine şunuň bilen baglanyşykly madda girizildi. Bu barada ArzuwNews habar berýär.
Düzgün gaýtadan bozulan ýagdaýynda, şeýle hereketler agyr netijelere sebäp bolan ýa-da üçünji taraplaryň ölümine sebäp bolan ýagdaýynda azatlykdan mahrum etmegiň möhleti bäş ýyla çenli bolup biler. Şeýle hem howply ýokanç kesellere garşy bejergi almakdan bilkastlaýyn boýun gaçyrmaga ýardam eden adam hem jogapkärçilige çekiler.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok