Şu gün Birleşen Milletler Guramasyna agza döwletleriň ählisi Halkara arassa howa we gök asman gününi ilkinji gezek belläp geçdi. Bu täze şanly senäni Milletler bileleşigine girýän ýurtlaryň ählisi hem, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 2019-njy ýylyň 19-njy dekabrynda kabul eden 74/12 Rezolýusiýasynyň esasynda belläp geçdi. Çünki, bu Rezolýusiýada “7-nji sentýabry – Halkara arassa howa we gök asman güni” diýip yglan etmeklik we 2020-nji ýyldan başlap bu şanly senäni her ýyl belläp geçmeklik karar edildi. Ine, şu taryhy resminama laýyklykda, bu gün “Halkara arassa howa we gök asman güni” diýen täze baýramçylyk bütindünýä jemgyýetçiligi tarapyndan bellenilip geçildi.
Halkara arassa howa we gök asman güni ähli derejelerde jemgyýetçiligiň habardarlygyny ýokarlandyrmak hem-de ýurtlary howanyň hapalanmagyna garşy göreşe çagyrmak üçin yglan edildi. Diýmek, bu baýramçylyk her bir ynsanyň saglygy babatda edilýän çäksiz tagallanyň yşaratyny alamatlandyrýar.
“Halkara arassa howa we gök asman güni” diýen täze şanly senäniň adyndaky “arassa howa” we “ gök asman” söz düzümleri hem ynsan saglygy bilen aýrylmaz baglanyşykly bolan düşünjäni aňladýar. Ýagny, “arassa howa” söz düzümi sagdyn durmuşy, “gök asman” söz düzümi bolsa parahat ýaşaýşy alamatlandyrýar. Munuň özi bolsa, biziň ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan iki gezek –1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda hem-de 2015-nji ýylyň 3-nji iýulynda ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk derejesiniň düýp mazmun özenini düzýär.
BMG-niň Baş Assambleýasy 2019-njy ýylyň 19-njy dekabrynda kabul eden 74/12 Rezolýusiýasyna laýyklykda, her ýylyň 7-nji sentýabrynda – Halkara arassa howa we gök asman gününi bellemeklik barada karar kabul edeninde arassa howanyň adamlaryň saglygy we gündelik durmuşy üçin örän möhümdigini, howanyň hapalanmagynyň adam saglygy üçin iň çynlakaý howpdygyny aýtdy.
Howanyň hiliniň ýokarlanmagy howanyň üýtgemeginiň täsirlerini azaltmaga kömek edip biler we howanyň üýtgemegini azaltmak boýunça edilýän tagallalar howanyň hiliniň ýokarlanmagyna sebäp bolup biler.
Howanyň arassylygy babatda BMG-niň 1992-nji ýylyň 2-nji martyndan bäri agzasy bolup gelýän Türkmenistan döwletimizde-de uly işler amala aşyrylýar. Ýurdumyz arassa howa giňişligini berkarar etmek maksadyna eýerip, BMG-niň Daşky gurşaw goramak maksatnamasy bolan ÝUNEP bilen hem hyzmatdaşlyk edýär. Milletleriň dünýä bileleşiginiň daşky gurşawy goramak bilen baglanyşykly 4 sany global Konwensiýasy – Biologik dürlülik hakyndaky, Klimatyň üýtgemegi hakyndaky, Çölleşmä garşy göreş hakyndaky, Ozon gatlagyny weýran ediji jisimler hakyndaky Konwensiýalary hereket edýär. Bu konwensiýalaryň esasynda ýurdumyzda «Tebigaty goramak hakynda», «Ösümlik dünýäsi hakynda», «Haýwanat dünýäsi hakynda», «Howa giňişligini goramak hakynda», «Döwlet ekologiýa ekspertizasy hakynda» we başga-da ençeme kanunlar kabul edilip, Watanymyzda arassa howa giňişligini mundan buýana-da berkarar etmeklik maksady bilen daşky gurşawy goramak işi döwlet ähmiýetli derejä göterildi.
Toýly Jänädow
Mary welaýatynyň Mary etrabynyň
Ruhubelent geňeşliginiň ýaşaýjysy
Teswirler