Her bir güni taryhy ýeňişli üstünliklere beslenýän bagtyýarlyk döwrümizde Bitarap Türkmenistan dünýä ykdysadyýetiniň möhüm ugurlarynyň biri bolan ulag-aragatnaşyk ulgamynda halkara gatnaşyklaryny ösdürmäge saldamly goşant goşýar.
Hormatly Prezidentimiziň ulag ulgamynyň kuwwatyny has-da ösdürmek babatda öňe sürýän halkara başlangyçlary dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan gyzgyn goldaw tapyp, bu başlangyçlar üstünlikli durmuşa ornaşdyrylýar.
Häzirki wagtda awtomobil önümçilik düzümleri uly ösüşe eýe bolup – täze kärhanalar, halkara derejeli awtomenziller açylyp, häzirki zaman tehnologiýa ulgamlary bilen balaşdyryldy.
Häzirki hereket edýän düzümler tehnikanyň iň soňky gazananlary bilen enjamlaşdyryldy we olaryň kuwwatlyklary birnäçe esse artdy.
Ýeri gelen-de aýtsak, bu paýdarlar jemgyýeti bilen ozal baglaşylan şertnama laýyklykda müňlerçe ýük awtoulaglarynyň ýurdumyza getirilendigini aýratyn nygtamak gerek. Kompaniýanyň inžener-işläp taýýarlaýjylary ulaglaryň görnüşlerini yzygiderli kämilleşdirýärler hem-de tehniki häsiýetlerini gowulandyrýarlar.
Hormatly Prezidentimiziň awtomobil ulag düzümini döwrebaplaşdyrmak babatda başyny başlan taslamasynyň durmuşa geçirilmegi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň ulag we kommunikasiýa toplumyny mundan beýläk-de okgunly ösmegine, özara bähbitli söwda-ykdysady we netijeli gumanitar gatnaşyklaryň has-da işjeňleşlmegine, syýahatçylygyň giň gerime eýe bolmagyna ýardam eder.
Myrat Garýagdyýew
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy
Teswirler