Ýaş matematik bürünç medala mynasyp boldy..

AIMO ( Asia International Mathematical Olympiad) ýagny Halkara Aziýa Matematika Olimpiýadasy, 16-njy awgustda, onlaýn görnüşde geçdi. Bu iri halkara matematika olimpiýadasyna 20-den gowrak döwlet gatnaşyp, gatnaşýanlara 2 sagadyň içinde 30 sany mesele çözmekligi talap edildi. Gatnaşyjylar bu olimpiadada, algebra, sanlar teoriýasy, geometriýa we kombinatorika temalary bilen çemeleşdiler. Halkara derejeli bu olimpiýadada, Türkmenistandan, Aşgabat şäheriniň dil derslerini çuňlaşdyryp öwredýän 87-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebiniň 10-njy synp okuwçysy Nagym Taňrygulyýew, bürünç medala mynasyp boldy. Mundan başgada Nagym Taňrygulyýew, 2020-nji ýylda geçen “Altyn Asyryň Altyn Zehinleri” atly ders bäsleşiginiň döwlet tapgyrynda, 10-njy synplaryň arasynda, matematika dersinden ýeňiji bolmagy başardy.

Halkara Aziýa Matematika Olimpiýadasy

Nagym Taňrygulyýew, bu halkara matematika olimpiýada, mekdebiň matematika mugallymy Geldimyrat Ýazberdiýew tarapyndan taýýarlanyldy.

Arslan Annanyýazow

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok