Edara binasy Aşgabatda ýerleşen Halkara türkmen alabaý itleri assosiasiýasynyň esaslandyryjy mejlisi geçirildi

2020-nji ýylyň maýynda «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasy döredildi. Onuň esasy maksady türkmen alabaýlaryny yzygiderli köpeltmek, halk seçgiçilik usulyny hem-de milli itşynaslyk mekdebini giň¬den peýdalanyp, halkara derejä ýetirmek bolup durýar. 31-nji awgustda bolsa bu assosiýanyň esaslandyryjy mejlisi geçirildi. «Arçabil» myhmanhanasynyň maslahatlar zalynda geçirilen foruma wekilleriň 200-e golaýy — ýurdumyzyň käbir ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, ýurdumyzyň habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary hem-de esasy hünärmenleri, şeýle-de wideoaragatnaşykulgamy arkaly Ermenistandan, Belgiýadan, Belarusdan, Gruziýadan, Eýrandan, Hytaýdan, Russiýadan, Türkiýeden, Özbegistandan Ukrainadan, Fransiýadan we beýleki ýurtlardan kinologiýa federasiýalarynyň, assosiasiýalarynyň, klublarynyň, ylmy-barlag merkezleriniň wekilleri gatnaşdylar. Mejlisiň gün tertibine «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasyny üýtgedip guramak we onuň binýadynda Halkara türkmen alabaý itleri assosiasiýasyny döretmek bilen bagly meseleler girizildi. Hususan-da, bu assosiasiýanyň Tertipnamasynyň taslamasyna garaldy hemde tassyklanyldy, onuň daşary ýurtly agzalary Ýerine ýetiriji komitetiniň, gözegçilik-der¬ňew toparynyň we ýolbaşçy düzüminiň agzalary saýlanyldy. Bulardan başga-da, assosiasiýanyň welaýatlar hem-de Aşgabat şäheri boýunça bölümleri döredildi we onuň başlyklary saýlanyldy, beýleki guramaçylyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Çeşme: “Türkmenistan” gazeti, 31.08.2020

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok