Miladydan soňky I asyrda hytaýlylar ilkinji bolup kagyz önümçiligini döredýärler. Olar owradylan ýüpegiň böleklerden we pile galyndylaryndan hem-de tut agajynyň gabygynyň iç ýüzündäki süýümli dokumadan iki görnüş kagyz alypdyrlar.
Miladydan soňky IV-Vasyrlarda sogdyly täjirleri hytaylaryň kagýz alnyşyny öwrenip, Sogd şäherinde täze kagyž önümçiligini döredýärler. Onda ýüpegiň, pagtanyň, zygyryň, kenebiň we kendiriň süýümlerini ulanyp başlaýarlar. Sogd ülkesinde gadymy döwürlerden bäri gowaçany, zygyryny we kenebini ekip ýetişdiripdirler. Kendiriň esasy ösýän ýeri Turkmenistandyr. Ol tebigatda ýabany ýagdaýda duş gelýar.
VIII-XX asyrlarda kagyz önümçiligi Orta Aziýanyň Samarkant, Balh, Termez, Buhara, Amul, Merw, Hyrat, Köneürgenç, Kokant, Daşkent we Aşgabat ýaly şäherlerine ýaýrapdyr. Medeni merkezlerinde kagyzlaryň birnäçe nusgasy öndürilipdir. Birinji nusgasy ýüpegiň galyndysyndan taýýarlanypdyr. Kagyzyň ikinji nusgasy, ýüpegiň süýümlerine deň möçberde kenep süýümlerini goşup taýýarlapdyrlar. Ýüpege kenepden başga kendir ýa-da zygyr ösümlikleriniň süýümleri-de goşulýardy. Kagyzyň üçünji nusgasy pagtadan we eski nah mata garyndysyndan taýarlanypdyr.
Pagtadan we nah matadan kagyzy almak üçin köne ýorganlary we letdeleri ilatdan ýygnap, arabalara ýüklenip kagyz ussahanalaryna getirilipdir. Letdeleri kerçemek üçin suw degirmenleri ulanypdyrlar. Suw degirmenleriň agaç soky daşy bolupdyr. Ol çarhyň kömegi bilen herekete getirilýärdi. Soky daşy bilen letdeleriň kesindilerini owradyp döwüpdirler. Sokudan çykarylan tozanly letde garyndy galyn mata mawudyň ýa-da köne keçäniň üstünde ýuwlupdyr. Soňra şol mawudy ýa-da keçäni dolap, üstünde tagta, onuňam üstünde agyr daşlary goýup, suwy sykypdyrlar. Suwy sykylan letde garyndyny ýene-de soka salyp, oňa kömürturşy kaliýny ýa-da kömürturşy natriýny, sönen hekini garypdyrlar. Bu maddalar aşgar häsiýetli bolup, letdeleriň kirini aýyrýar. Kömürturşy kaliýny we kömürturşy natriýny türkmen halky gadymy zamandan bäri ak sazak, ojar, çerkez, gum çerkezi, garagan, ketgen, tut, çogan, şortak ýaly ösümliklerden dürli usullar bilen alypdyrlar. Mysal üçin, çerkezi ýakyp, külüniň üstüne suw sepip gatadýarlar ýa-da çogany suwda gaýnadýarlar.
Bir sagat geçenden son letde garyndyny sokudan çykaryp, günüň aşagynda goýýarlar. Aşgaryň himiki täsiriniň astynda, şeýle hem ýagtynyň we howa – kislorodyň täsiri netijesinde letde garyndynyň çal reňki ak reňke öwrülipdir. Ýlmanak we ýagsyz garyndyny ýene-de soka salyp, 10-15 gün owradyp döwüpdirler.
Taýýar bulamaga meňzeş, garynda çaryş otunyň köklerden alynýan petini goşupdyrlar. Çaryşyň köki sary boýag we ýelim häsiýetli bolup kagyzda mylaýym sary reňki we şepbikligi döredýär. Süýümli garyndyny toýun huma salyp, üstüňden suw guýup, ony ayak bilen basgylap garypdyrlar. Soňra suwuklyk garyndysyny humdan, ýerde edilen suwly hendege salypdyrlar we taýaga daňylan çybyklary bilen bulap garypdyrlar.
Ussa suwuklyk garyndynyň içine agaçdan edilen gamyş ýa-da çiý torly galyby batyrypdyr we tora düşen süýümli bulamagyny çykaryp silkipdir. Süýümler biri-birine ýelmeşip, ýukajyk kagyz tagta öwrülipdir. Suw bolsa toryň deşijiklerinden syrygyp akypdyr. Susulan galyby, ýylmanak agaç tagtanyň üstüne dünderip, petde duran taýýar çygly kagyzlaryň galan suwuny aýyrmak üçin, onuň üstüne tagta basdyryp, agyr daşlary goýupdyrlar.
Ertesi gün agyrlygy aýryp, kagyz tagtalaryny guradypdyrlar. Kagyz tagtalaryny guratmak üçin olaryň ýüzüne biraz un ýelimini çalyp diwara ýelmeşdiripdirler. Guran tagtalaryň 24-sini biri-biriniň üstüne goýup, desse daňyptyrlar. Munuň ýaly kagyza hat ýazyp bolanokdy sebäbi onuň taýýar bolmagy üçin oňa krahmally ýelimini çalmalydy we balykgulak bilen sürtüp ýylmanak edip ýalpyldatmalydy.
Krahmally ýelimini kagyzyň tutuş ýüzüne çalyp çyrşapdyrlar. Kagyz tagtasy guransoň, onuň arka tarapyna ýelim çalnandan soň, olary balykgulak ýa-da kremniý daşy bilen ýylmanak bolar ýaly ýalpyldadypdyrlar. 3-4 gezek petlenip ýalpyldadylandan soňra kagyz lowurdap, gämyş galam we syýa bilen hat ýazmaga iňňän amatly bolupdyr.
Teswirler