Türkmenistanyň “Türkmenbaşy” döwlet täjirçilik banky täze “Cash back” hyzmatyny hödürleýär. Bankyň müşderileri “Altyn asyr” we “Maşgala” bank kartlaryndan 2020-nji ýylyň 1-nji oktýabryna çenli demir ýol , ýolagçy awtoulag petekleri satyn alnanda, taksi hyzmatlary, dermanhanalarda, saglyk öýlerinde, hassahanalarda nagt däl görnüşde (şol sanda «E-kommersiýa» we mobil programma üpjünçilikleri arkaly) hasaplaşyklar geçirilende, her bir geçirilen amal üçin 1 göteriminiň bank tarapyndan “Cash back” höweslendiriş sylagy hökmünde yzyna, müşderileriň kart hasabyna gaýtarylýandygyny Türkmenistan gazeti özüniň bu 29.08.2020 senesindäki sanynda habar berýär.
Teswirler