Ähli okuwçylaryň, talyp ýaşlaryň sabyrsyzlyk bilen garaşýan täze okuw ýyly başlady. Täze okuw ýyla täze zatlar diýip täzeje okuw esbaplaryny, egin-eşikleri satyn alyp uly höwes bilen okuwyň başlamagyna garaşypdyk. Bu gün bolsa täzeje alan okuw lybaslarymyzy geýip, galam-depderlerimizi torbalarymyza salyp öz bilim ojaklarymyza tarap ýola düşdük. Bu duýgy her okuwçy, talyp üçin düýbünden başga bir duýgy. Müň gezek şol ýoldan ýöränem bolsak, şu gün biz üçin düýpgöter başgaça, sebäbi täze bir başlangyjyň bosagasyndan ätlemek, her kimi hem tolgundyrýar. Geljekde öňümizde goýan maksatlarymyza bir ädim golaýlaşmak biz üçin çäksiz begençdir. Begenjimize begenip, şatlygymyza şatlanýan, ýeňşimize monça bolup başymyzy sypaýan eziz bilim ojagymyz bize bilim, ylym berip durmuşdaky ornumyzy tapmagymyza bar güýji bilen hemaýat edýär. Heniz hiç zada düşünmeýän çagajyk wagtymyz bosagasyndan ätlän bilim ojagymyzdan akylly-paýhasly adamlar bolup çykmak mukaddes bilim ojagymyza goýýan sarpamyzy has-da belende göterýär. Diňe bir ylym-bilim taýdan kämilleşmän eýsemde jemgyýetde özüňi nähili alyp barmalydygyny, ynsanperwerligi, adamkärçiligi mugallymlarymyzyň gürrüň berýän romanlaryndan, okap lezzet alan çeper eserlerimizden öwrenýäris.
Ilkinji jaň kakylyp hemme kişi synplara girenden her kim partadaşyna tomusky dynç alyşy hakynda gyzykly gürrüňler berip, synpyň içi jagyrda-jugyr bolar. Soňundan gapy açylyp mugallym synpa girende täze sapak başlanar. Biz bolsa tomusky dynç-alyşdan soň ähli güýjümizi jemläp okuwlarymyzy galan ýerimizden dowam etdirmek üçin höwes bilen mugallyma gulak asýarys. Täze dersler, heniz gaty açylmadyk gyzgynjak kitaplary arkamyza ýükläp syýahat gämisine atlanyp täze bir dünýä syýahata başlarys. Şeýdip bar güýjimizi jemläp täze bir dünýä ýelken açyp elimizde baryny edip küreklemage başlarys. Üýtgeşik, gyzykly maglumatlary öwrenip bilimizi has-da baýlaşdyrýarys.
Biz ýaşlar ýüreklerinde uly hujuw, ýüzlerinde umyt doly ýylgyryş bilen mähriban Arkadagymyzyň biz üçin döredip beren ak binalarynda döwrüň täze, ösen tehnologiýasy bilen üpjün edilen ýagty otaglarynda bilimimizi has-da çuňlaşdyrýarys. Ylym-bilim dünýäsinde başarnygymyzy ýokarlandyrmak, akyl-paýhasymyzy çuňlaşdyrmak üçin mähriban Arkadagymyzyň bize peşgeş beren çuň many-mazmuna eýe bolan kitaplaryny yzgiderli peýdalanýarys.
Laçyn RAHMANOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby
Teswirler