Alabaý itleriň tohumçylyk merkezi we ýaryş meýdançasy

Welaýatlarda we Aşgabat şäherinde gurulmagy meýilleşdirilen merkeziň baş maksady arassa ganly alabaý itlerini köpeltmekden, onuň ähmiýetli häsiýet aýratynlyklaryny saklamakdan diýip Türkmenistan gazedinde bellenýär. Gürrüňi edilýän desgalar toplumynyň düzüminde gözegçilik-geçiriş bölümi, edara ediş binasy, işgärler üçin niýetlenen desga, sergi we türgenleşik meýdançalary, münberler, weterinar hyzmaty üçin toplum, beýleki degişli desgalar bar.

Şeýle-de Ahal welaýatynda hem 30 ite niýetlenen alabaýlar üçin Karantin merkeziniň gurluşygy göz öňünde tutulýar. Tohumçylyk we Karantin merkezleri, türkmen alabaýlarynyň arasynda ýaryşlary geçirmek üçin meýdança hem gurular diýip habarda bellenýär.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok