Türkmenistanlylar yzyna dolanyp gelýärler

Koronowirus keseli sebäpli serhetleriň ýapylmagy netijesinde Türkmenistanly talyplar we raýatlar yzyna dolanyp gelmegini dowam etdirýär.

Ýakynda, Deli-Aşgabat ugry boýunça howa gatnawy amala aşyryldy. Uçarda 133 sany Türkmenistanly raýatlar, ýagny aglabasy Hindistana lukmançylyk syýahaty maksady bilen we okuwa giden türkmen talyplarydyr.

Hindistan döwleti bilen bir hatarda “Türkmenhowaýollary” agentliginiň uçary bilen Belarusiýa Respublikasynda okaýan talyplaryň we raýatlaryň jemi 247-si Türkmenistana dolanyp geldiler.

Häzirki wagtda Hindistandan we Belarusiýadan gelen Türkmenistanlylar 14 günlik karantin çärelerini berjaý edip, soňra öýlerine dolanyp bararlar.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok