Luka Doncic – eýgerdenok..

Bilşimiz ýaly şuwagtlar NBA-de playoff duşuşyklary dowam edýär. Ilkinji bolup bir ýokarky basgançaga Boston Celtics topary çykmagy başardy.
Ünsi çeken zat bolsa, Dallas bilen LA Clippers toparlarynyñ arasyndaky dartgynly çekeleşiklerde gyzykly wakalar bolup dur. Şuwagtlykça 2-2 hasap bilen playoff dowam edýär.

Dallasyñ ýyldyzy Luka Doncic soñky duşuşykda 43 utuk, 17 rebound, 13 assist bilen oýnuñ iñ gowy oýunçysy bolmak bilen birnäçe rekordlara hem şäriklik etdi.

Bir basketbolçynyñ ilkinji playoff duşuşyklaryna gatnaşanynda Triple-double eden iñ yaş oýunçylaryñ sanawyndan mundan ozal Magic Johnson we LeBron James başaran bolsa, Luka Doncic hem 21 ýaşynda başardy.
NBA-e gelip, iki möwsüm oýnap, playoff duşuşyklaryna gatnaşyp, Triple-double eden mundan ozal Charles Barkley (1993), Oscar Robertson (1963) bar bolsalar, indi Luca Doncic hem bardyr.

Hudaýberdi Baýew

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok