TDH-nyň habar bermegine görä Anna güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň barşynda wise-premýer Çary Gylyjow Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň birnäçe kärhanalaryny paýdarlar jemgyýetlerine öwürmek maksady bilen ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.
Seljermeleriň netijesinde hususylaşdyrylmaly desgalaryň arasynda Marynyň gön zawodynyň we Bäherdeniň tikin fabriginiň bardygyny wise-premýer belledi.
Berlen hasabatda Marynyň gön zawodynda enjamlaryň könelendigi, şeýle-de onuň kuwwatynyň 30 göterim derejesinde ulanylýandygyny mälim edildi. Şu ýagdaýy nazara alyp, kärhananyň durkuny täzelemek, aýakgap tikmek boýunça bölümi işe girizmek meýilleşdirilýär.
Bu taslamany ýerine ýetirmek üçin Dokma senagaty ministrliginiň Marydaky gön zawodynyň we “Röwşen” hususy kärhanasynyň bilelikde amala aşyrjakdygy bellenildi.
Wise-premýer Gylyjow Bäherdeniň tikin fabriginiň çykarýan önümlerini döwrebaplaşdyrmak we sanawyny giňeltmek maksady bilen, ony Dokma senagaty ministrliginiň we hususy pudagyň paýly gatnaşygynda açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetine öwürmegiň meýilleşdirilýändigini belledi.
Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti döwlet emlägini hususylaşdyrmagyň ykdysady netijeleri ýurdumyzda döwrebap özgertmeleriň mundan beýläk-de ilerledilmegine ýardam etmäge gönükdirilendigini belläp, wise-premýere bellenilen meýilnamalary üstünlikli durmuşa geçirmek üçin ähli tagallalary etmegi tabşyrdy.
Teswirler