Bu suratlar hakyky!- Deşik zarba buludy

Deşik zarba buludy (fallstreak hole)– bu ýokary-beýiklikli (cirrocumulus) ýa-da orta-beýiklikli (altocumulus) bulutlarda ýüze çykyp bilýän uly tegelek ýa-da elliptik boşlukdyr.

Bu ýokary-beýiklikli we orta-beýiklikli bulutlar, köplenç, doňmak derejesinden has sowuk, ýöne henizem doňup bilmedik kiçijik suw damjalaryndan durýar.

Bu aşa sowuk kiçijik suw damjalarynyň doňmaklygy üçin, buz kristallarynyň bolmagy zerurdyr. Umuman, bulut gatlagyndan geçýän uçarlar, bu buz kristallaryny, gaty sowuk kiçijik suw damjalarynyň bolan ýerlerine äkitýärler. Buz kristallary gelenden soň, suw damjalary çaltlyk bilen doňup, ulalyp we hereket edip başlaýarlar. Suw damjalarynyň bilelikdäki bu herekediniň netijesinde giňeýän, Deşik zarba buludy (fallstreak hole) diýilip atlandyrylýan bu täsin uly deşik emele geler.

Çeşme: https://www.weather.gov/arx/why_fallstreaks

Arslan Annanyýazow

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok