Balkanabatly okuwçy halkara bäsleşikde altyn medal gazandy

Mekdep okuwçylarynyň arasynda geçerilen «XI halkara ylmy işleriniň bäsleşiginde» Balkanabat şäheriniň 2-nji yöriteleşdirilen mekdebiniň okuwçysy Gültäç Hajyýewa altyn medal aldy. Bu internet bilim bäsleşigi Russiýa Federasiýasynyň Saratow şäheriniň «Erudit» ylmy-okuw merkeziniň hem-de Sankt-Peterburg şäheriniň «Metaşkola» merkeziniň guramagynda her ýyl geçirilýär. Gültäç bu bäsleşige özüniň «Türkmen – iňlis – rus nakyllar sözlügi» atly işi bilen gatnaşdy.

Bu bäşleşige «Altyn asyryň altyn zehinleri» atly ders bäsleşiklerinde üstünlikli çykyş eden türkmenistanly okuwçylar şeýle iri bäsleşiklere gatnaşmaga hukuk gazanýar.

Çeşme: NESIL GAZETI, 22.08.2020

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok