2020 – 2025-nji ýyllaryň milli Maksatnamasynyň birinji tapgyrynda 53 müň tonnalyk sowadyjy ammarlar gurular.

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2020 – 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça Milli Maksatnamasynyň birinji tapgyrynda Aşgabat şäherinde we welaýatlarda 53 müň tonna önüm saklamaga niýetlenen sowadyjy ammarlaryň gurulmagy göz öňünde tutulýar. Bu döwletli iş Türkmenistanyň Prezidentiniň 21-nji awgustda gol çeken Kararynyň esasynda amala aşyrylar. Bu resminama laýyklykda «Daýhanbank» döwlet täjirçilik bankyna Merkezi bankyň serişdeleriniň hasabyna Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine käbir degişli sowadyjy ammarlary gurmak we durkuny täzelemek boýunça işleri maliýeleşdirmek üçin karz serişdelerini bermek tabşyryldy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok