Türkmenistanda ýokary hilli penopolistirol önümleri öndürilýär

«Ak hünji»  Türkmenistanda ilkinjileriň biri bolup, penoplast plitalaryny, jaýlaryň bezeg önümleriniň önümçiligini ýola goýdy.

«Ak hünji» hususy kärhanasy 2009-njy ýylda Mary welaýatynyň Mary şäherinde işini ýola goýdy. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolup durýan bu hususy kärhana geçen on ýyldan gowrak wagtyň içinde öndürýän önümleriniň görnüşini dowamly art­dyryp gelýär. «Ak hünji» hususy kärhanasy gurluşyk materialy bolan penopolistirol önümlerini öndürmekde ýurdumyzda giňden tanalyp gelýär. Kärhana 2013-nji ýylda önümçiliginiň hilini has-da ýokarlandyrmak maksady bilen, döwrebap tehnologiýa enjamlaryny ornaşdyrdy. Bu enjamlaryň işe girizilmegi bilen önümleriň hiliniň has-da ýokary bolmagyna we dünýä standartlaryna laýyk gelmegine mümkinçilik döredi.

«Ak hünji» hususy kärhanasy Türkmenistanda ilkinjileriň biri bolup, penoplast plitalaryny, jaýlaryň içki we daşky bezeg önümleriniň önümçiligini ýola goýan kärhanadyr.  «Ak hünji» hususy kärhanasynyň esasy maksady, müşderileriň isleglerini doly kanagatlandyryp, alyp barýan işini ýokary derejede ýerine ýetirmekdir. Penoplast önümleri gurluşykda yssydan, sowukdan goraýjy, ses geçirmezlik, jaýlaryň içki we daşky bezegleri üçin ulanylýar.

«Ak hünji» hususy kärhanasy döwlet derejesindäki geçirilýän sergilere we halkara sergilere gatnaşyp, işewürleriň arasynda uly abraýa eýe boldy. Häzirki wagtda kärhana döwlet derejesindäki alnyp barylýan gurluşyklar üçin gerek bolan penopolistirol önümleri bilen üpjün edýär. Mundan başga-da, kärhanada steplerler üçin berkidiji skobalar we resminama bukjalary (faýllary) öndürilýär. Bu önümler Türkmenistanyň edara-kärhanalarynda giňden ulanylýar, önümler hil taýdan berk we baha taýdan örän amatlydyr. 

«Ak hünji» hususy kärhanasynyň dürli görnüşli önümlerini mahabatlandyrýan akhunji.com.tm resmi web saýty hem bar.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok