“Türkmenistan” gazetinde Hudaýberen Abraýewiň ýazan habaryna görä “Myradym” hususy kärhanasy Kerki etrabynda şaly önümlerini arassalaýjy
degirmen toplumyny bina edýär.
«Myradym» hususy kärhanasynyň häzirki wagtda Kerki etrabynda bina edýän şaly önümlerini arassalaýjy degirmen toplumy jemi 6 gektar meýdanda ýerleşýär. Hususy kärhana Kerki we Halaç etraplarynda her ýylda 10 müň tonna şalyny ösdürip ýetişdirmek we ony gaýtadan işläp, dürli gaplarda halka ýetirmek wezipesini-de öz üstüne aldy. Munuň üçin kärhananyň hünärmenleri daşary ýurtlarda bolmak bilen, şaly arassalaýan tehnologiýany içgin öwrendiler. Netijede, şaly arassalamak üçin döwrebap tehnologiýaly maşynlar satyn alyndy. Maşynlar arassalanan şalyny dürli ölçegdäki gaplara gaplamak işini-de ýerine ýetirýär.
Desganyň gurluşygy şu günler güýçli depginde alnyp barylýar. Tejribeli hünärmenleriň ýolbaşçylyk edýän betonçylar, galypçylar, demirçiler we kebşirleýjiler toparlarynyň işi biri-biri bilen utgaşykly ýerine ýetirilýär. Degirmen toplumy jemi alty bölekden ybarat bolmak bilen, getirilýän önüm ilki birnäçe guradyjy meýdançalar bilen üpjün edilen ammarlar toplumyna gelip düşer. Şalyny saklamak we guratmak üçin zerur enjamlar bilen üpjün edilen dört sany bunker jemi bir müň tonna şaly saklamaga niýetlenendir. Saklanyş wagtynda ýörite hünärmenler dänäniň guradylyşyna gözegçilik eder, önümiň ýagdaýy bildirilýän talaplara laýyk gelenden soňra, ol önümçilik bölümine geçiriler. Şalyny üwemek, arassalamak işlerini ýerine ýetirýän bölüm soňra taýýar önümi sowadyjylar we howany çalşyryjylar bilen üpjün edilen täze ammara berer. Bu ýerde belli bir möhlet saklanandan soňra, önüm sarp edijilere ugradylar. Gürrüňi edilýän degirmen toplumy geljek ýyldan başlap, öz öndürýän önüminiň bir bölegini daşarky bazarlara ugradar. Munuň üçin «Myradym» hususy kärhanasy şalynyň iňgowy hasyl berýän sortlaryny satyn almagy meýilleşdirýär. Şu günler Kerki etrabynyň Gülüstan ýaýlasynda synag üçin 200 gektar meýdanda şalynyň täze sorty ösdürilip ýetişdirilýär.
Lebap welaýatynyň gündogar künjeginde öndürilýän şaly hasylyny gaýtadan işlemäge niýetlenen bu degirmen toplumy üçin saýlanyp alnan ýer hem jüpüne düşüpdir. Ol Kerki — Türkmenabat awtomobil ýolunyň başlanýan ýerinde we Kerki demir ýol menziliniň golaýynda ýerleşýär. Bu bolsa toplumda öndürilýän şaly önümlerini awtoulaglarda ýa-da demir ýol bilen dessine sarp edijilere ugratmaga mümkinçilik berer.
Çeşme:
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/4721
https://metbugat.gov.tm/newspaper?id=4034
Teswirler