Häzirki wagtda Türkmenistanyň «Halkbank» döwlet täjirçilik banky tarapyndan «Halkbank terminal» atly täze mobil ulgamyny işe girizmäge taýýarlyk görülýändigi barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly 21-nji awgustda geçirilen nobatda mejlisiniň başynda beýam edildi.
Bu ulgam «Halkbank» döwlet täjirçilik banky tarapyndan Türkmenistanyň söwda we hyzmat ediş nokatlarynda nagt däl tölegleriň gerimini giňeltmek, harytlar üçin hasaplaşyklaryň ygtybarlylygyny artdyrmak maksady bilen işlenip taýýarlanyldy.
«Halkbank terminalynyň» ulanyşa girizilmegi bilen, söwda we hyzmat ediş nokatlarynda ulanylýan töleg terminallarynyň ornuna degişli amallary sanly ulgamda amala aşyrmaga ukyply bolan programma üpjünçiligini ykjam telefonlara ornaşdyrmak meýilleşdirilýär.
Täze ulgamyň girizilmegi karz edaralary tarapyndan söwda we hyzmat ediş nokatlaryny töleg terminal enjamy bilen üpjün etmek, onuň abatlaýyş işleri ýaly, şeýle hem döwlet we döwlete dahylsyz edara-kärhanalara, telekeçilere degişli terminalyň işjeňligi üçin zerur bolan goşmaça çykdajylaryny aradan aýyrmaga ýardam eder. Munuň özi töleg terminalynda häzirki günde hereket edýän ähli amal görnüşlerini sanly ulgamda amala aşyrmaga mümkinçilik berer.
Teswirler