Häzirki wagtda «Datmeni» haryt nyşanly önümleri öndürýän hususy önümçilik kärhanasynda miwe şerbetleriniň we mürepbesiniň önümçiligi ýola goýuldy hem-de bu datly önümler söwda nokatlarynyň üsti bilen ildeşlerimize ýetirilip başlandy. Kärhananyň degişli önümçilik bölüminde erik, böwürslen, garaly, injir, gawun, ülje, ýertudana mürepbeleriniň önümçiligi giň gerime eýe bolýar.
Bu önümler 0,5 litrlik çüýşe gaplaryna gaplanýar. Ol ýerde miwe şerbetleriniň 15 görnüşi öndürilýär. Daşary bazarda bäsdeşlige ukyplylygy bilen tapawutlanýan datly tagamlar kärhananyň ýanaşyk ýerinde hereket edýän ýöriteleşdirilen dükanyň üsti bilen ilata ýetirilýär.
Teswirler