Akbugdaý etrabyna täze bilim işgärleri geldi

2020 — 2021-nji okuw ýylynda Akbugdaý etrabyna ýaş hünärmenleriň jemi 66-sy işe geldi.

Ak bugdaý etrabynda 2020 — 2021-nji okuw ýylyna oňat taýýarlyklar görülýär. Täze okuw ýylynda ýaş hünärmenleriň jemi 66-sy, şol sanda ýokary bilimli ýaşlaryň 36-sy, ýörite orta bilimli ýaşlaryň bolsa 30-sy etrapdaky orta mekdeplerde, şeýle-de çagalar baglarynda zähmet ýoluna başlaýar. Şol ýaşlaryň ählisi degişli ugurlar boýunça işe kabul edilip, halypa mugallymlara berkidildi. Ýeri gelende, täze işe gelen ýokary bilimli ýaş hünärmenleriň 19-synyň Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, 10-synyň Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň uçurymlarydygyny, ýörite orta bilimlileriň ählisiniň Aşgabadyň A.Kekilow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň uçurymlarydygyny bellemek gerek. Ýörite orta bilimli ýaş hünärmenleriň köpüsi etrapdaky çagalar baglarynda körpe nesle bilim-terbiýe berer.

Ogulbäbek Myratnazarowa
TMÝG-nyň Akbugdaý etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni

Çeşme: https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/4920

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok