Türkmenistanyň «Türkmenistan» döwlet täjirçilik banky «Altyn Asyr» bank kartyny saklaýjy müşderilerine «Owerdraft» hyzmatyny birikdirmek arkaly bankyň gysga möhletleýin karz serişdelerinden peýdalanmaga mümkinçiligiň döredilendigini habar berýär.
«Owerdraft» karzy söwda we hyzmat ediş nokatlarynda töleg terminallar
arkaly nagt däl hasaplaşyklar geçirilende, kart hasabynyň galyndysy pese düşen halatynda awtomatiki usulda berilýän karz serişdesidir. Hyzmata laýyklykda müşderiniň bank kart hasabyna zähmet haky geçirilenden soňra karzyň esasy bergisi we oňa hasaplanylýan göterimleri awtomatiki usulda kartyň degişli hasabyndan yzyna gaýtarylýar.
Raýatlar «Owerdraft» karzy hyzmatyny bir gezek birikdirip, bankyň hödürleýän gysga möhletleýin karz serişdelerinden zerurlygyna görä peýdalanyp bilerler!
Habarlaşmak üçin Türkmenistanyň «Türkmenistan» döwlet täjirçilik bankynyň Merkezi edarasyna ýa-da onuň islendik şahamçasyna ýüz tutup bilersiňiz.
Şahamçalaryň salgylary we telefon belgileri bankyň www.tnbk.tm resmi internet sahypasynda görkezilen.
Teswirler