Hatdatlyk sungaty

Orta asyrlarda Merkezi Aziýa yklymynda, şol sanda Türkmenistanyň çäginde medeniýet, sungat, ylym, bilim belent sepgitlere ýetipdir. Bu döwürde halk arasynda uly meşhurlyga eýe bolan, halk köpçüligi tarapyndan hormatlanylýan kärleriň biri-de hatdatlykdyr. Orta asyr hatdatlary bu käri sungat derejesine çenli kämilleşdiripdirler. Hatdatlyk kärinde halklaryň medeni aýratynlyklary, däp-dessurlary saklanypdyr we ösdürilipdir.

Yslam dininiň rowaçlanyp başlan döwründe arap ýazuwynyň mekki, basry we kufi görnüşleri bolupdyr. Soňra araplar elipbiýde ýazylan hatyň 25-e golaý görnüşine ýetiripdir. Olaryň 20-si kufi hatyndan döräpdir.

Dini kitaplary kufy we nash haty bilen ýazylypdyr. Dünýewi kitaplar taryha, çeper edebiýata, tebigaty öwrenişe degişli bolup, tal,lik we suls haty bilen ýazylypdyr. XIV asyrda dünýäde belli hatdat Mir Ali Töwrizi (1330-1403 ý.ý) ilkinji bolup nash we tal,lik ýazuwlaryndan nastalyk hatyny döretdi.

Arap haty çeper ýazuw hökmünde bolupdyr. Arap harplarynyň dört ýagdaýda ýazylyşy bar. Birinji, sözüň öňünde, ikinji sözüň ortasynda, üçünji sözüň soňunda we dördünji özbaşdak, aýratyn ýazylyşy bolýar. Şonuň üçin kätipler arap harplaryny çeper owadan ýazypdyrlar.

Hatdatlyk sungaty Gündogar ýurtlarynda kitap sungatyň iň ýaýran görnüşleriniň biri bolup, aýratyn çeperçilik gymmaty bilen dünýä medenýetiniň genji hazynasyna öwrüldi.

Merkezi Aziýanyň golýazma kitaplaryny öwrenen belli gündogarşynas A.A.Semýonow (1873-1957) hatdatlaryň dörejiligini Ýewropanyň meşhur suratkeşleriniň döredijiligi bilen deňleşdiripdir. Suratkeş çylşyrymly suraty çekmek üçin näçe wagt sarp edilen bolsa, hatdatlykda-da jähetden çeper golýazmany döretmek hem şonça wagt talap edipdir.

Çeper hat ýazmak ýetginjeklerden başlap ýörüte okuwda öwrenilýärdi. Oňa ussat halypa mugallymlar ýolbaşçylyk edýärdiler. Okuwçylar birnäçe ýyllaryň dowamynda ýazuwdan tejribe alypdyrlar. Olar her güň çeper hat ýazmagy öwrenipdirler. Kätipleriň tejribesi kitapdan – kitaba artypdyr.

Çeper hatlary ýazmak üçin her bir kätip harplaryň ýazylyşynyň iki usuly bilen ýazýardy. Birinji häfi – inçe harpyň ýazylyşy we ikinji jäli–ýogyn harpyň ýazylyşy. Ondan başga-da ýazuwlaryň birnäçe görnüşleri bolupdyr. Olardan nash – Gurhan, dini parçalar, aýatlar we hadyslar ýazylypdyr. Süls ýazuwy bilen ylmy edebiýat göçürilip, şeýle hem çeper eserleriň atlaryny, olaryň bölümlerini, sözbaşylaryň atlaryny ýazmakda ulanylypdyr. Nastalyk ýazuwy çeper edebiýaty, taryhy işleri göçürmek üçin ulanylypdyr. Olardan başga Orta Aziýanyň hatdatlary „reýhani”, „şikesta”, „muhakkak”, „tawki” we „rika” hatlary ýazuw üçin ulanypdyrlar.

Geçmişde türkmenlerde hem öz döwrüniň meşhur hatdatlary bolup ýetişenleri örän köp bolupdyr. Mysal üçin Soltan Sanjaryň Merwdäki köşgünde „Şahyrlaryň şasy“ diýen belent derejä ýeten türkmen şahyry, alymy we hatdaty Owhadeddin Aly ibn Wahydeddin Muhammet ibn Ishak Abiwerdidyr. Taryhy maglumatlarda hatdatlyk sungatyndan baş çykaran, owadan ýazuwy bilen meşhur bolan hökümdarlar hakynda maglumatlar bar. Delidäki Togalaklar nesilşalygynyň ikinji hökümdary Muhammet Togalak öz döwründe hatdatlyk sungatyndan baş çykaran sowatly şalaryň biri bolupdyr. Köp ýyllap Sefewiler döwletini dolandyran şa Tahmasp boş wagtlary hatdatlyk sungaty bilen gyzyklanypdyr we döwletinde bu sungatyň ösmegi üçin şertleri döredipdir. Gaznaly döwletiniň hökümdary Mahmyt Gaznalynyň gyzy Hatliniň owadan ýazuwynyň bolandygy barada “Masudyň taryhy” atly kitapda maglumat berilipdir.

Orta asyr türkmen döwletleriniň görnükli hatdatlaryndan Masut Gaznalynyň hatdaty Abul Fazl Beýhakynyň, Horezimşasy Atsyzyň hatdady Reşideddin Watwatyň, soltan Tekeşiň şahsy kätibi Muhammet Bagdadynyň, Jelaleddin Meňburnyň hatdady Muhammet an-Nesewiniň, Alyşir Nowaýynyň hatdady Abdyl Jemiliň atlaryny ýatlamak bolar.

Arap hatynyň nastalyk görnüşinde ýazmakda XV asyryň meşhur hatdaty Möwlana Japaryň usulynda örän owadan ýazan Hojahasan Hydyrşa, Möwlana Awdyrahman Horezmi we onuň ogullary Abdyrahym we Abdylkerim, Mämmedaly Wahyt Türkmen, Hasan Mürze ýaly şahslar çeper ýazuwy bilen özüne çekipdirler.

Orta asyr düzgüni boýunça kitap ýazylyşy birinji sahypadan başlap, tä soňky sahypa çenli birmeňzeş we owadan ýazylypdyr. Owadan hatlara okyjylar uly baha beripdirler.

Yusup Mämmedow

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok