Ýolagçylara edilýän awtoulag hyzmatlary sanly ulgam esasynda döwrebaplaşdyrylýar

Halka edilýän hyzmatlaryň hiliniň ýokarlandyrylmagy üçin “Türkmenawtoulaglary” agentligi tarapyndan birnäçe ýeňillikler döredildi.
Awtobus hyzmatlaryndan peýdalanmak üçin dünýä ülňülerine gabat gelýän ýörite ýolagçy kartlary girizildi, ýeňil taksilerde plastik kartlaryň üsti bilen töleg geçirmäge mümkinçilik döredildi.

Şeýle hem uruş weteranlary, 7 ýaşa çenli çagalar we saglyk ýagdaýy pes bolan raýatlarymyz mugt ýol hyzmatlaryndan peýdalanýarlar, pensionerler hem-de mekdep okuwçylary üçin niýetlenen ýol peteklerinde bir aýlyk ýeňillikli nyrhlar kesgitlenildi. Türkmenistanyň Prezidentiniň kararyna laýyklykda satyn alnan «Hyundai Super Aero City» kysymly awtobuslar şäheriçi gatnawlarda halkymyza hyzmat edýär. Mundan başga-da, ýurdumyzda şäheriçi gatnawlarynda «Hyundai Elantra» we «Toyota Corolla» kysymly ýeňil awtomobiller taksi hyzmatlary üçin peýdalanylýar. Olarda «Altyn Asyr» ÝGPJ tarapyndan «Samsung» we «Alcatel» görnüşli planşetler oturdyldy hem-de internet ulgamynda ulanylýan ýörite programma üpjünçiligi ulanylyşa girizildi. Onuň üsti bilen ýolagçylar hyzmatyň hili, bahasy, ýoluň uzynlygy we ugry baradaky zerur maglumatlary alyp bilýärler. Bu hyzmat ilatyň arasynda barha meşhurlyk gazanýar we gyssagly taksi çagyrmak

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok