LEIPZIG – gysga wagtda özüni görkezdi

Mälim bolşy ýaly Çempiýonlar Ligasynyñ çärýek finallarynyñ duşuşyklary dowam edip dur. Atletico Madrid bilen duşuşyp, ýarym finala adyny ýazdyran Leipzig topary boldy. Duşuşyk 2-1 hasaby bilen gutardy.

Leipzig ýarym finala ilkinji gezek çykmagy başardy, şeýle hem Çempiýonlar Ligasynyñ taryhynda ýarym finala çykan 75-nji topar boldy.
Bu topar 2009-njy ýylda döredilendigine garamazdan, 2010-njy ýylda Germaniýanyñ 4-nji ligasynda, 2013-nji ýylda 3-nji ligasynda, 2014-nji ýylda 2-nji ligasynda, 2016-njy ýylda Bundesligada çykyş etmäge başlady.
Ýarym finalda bolsa Fransiýanyñ PSG topary bilen duşuşyk geçirer.

Hudaýberdi Baýew

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok