“Päk nesil” okuw merkezi sanly ulgama dowam edýär

19-njy iýulda sanly ulgama başlan “Päk Nesil” okuw merkezi, onlaýn görnüşde bilim bermäge dowam edýär.

Bu okuw merkezi onlaýn kurslary gurnamak üçin, Google tarapyndan ýörite bilim edaralary üçin işlenip düzülen we kagyzsyz görnüşde meseleleriň döredilmegini, paýlanyşyny we bahalandyrylmagyny ýönekeýleşdirmek üçin döredilen Google Classroom web hyzmatyny ulanýar.

Mowzuga we derslere degişli meseleleri döretmek we paýlamak üçin Google Drive, resminamalary, prezentasiýalary we elektron tablisalaryny döretmek üçin Google hyzmatlarynyň toplumyny, aragatnaşyk üçin Gmail we meýilnamalaşdyrmak üçin Google Calendar web hyzmatlary ulanylýar.

Mugallymlar her bir okuwçynyň ýetişigine gözegçilik edip bilerler we ýerine ýetirilen öý işlere baha berip bilerler.

Çeşme: https://turkmenportal.com/en/blog/28993/ashgabat-educational-center-switches-to-online-learning-using-google-classroom

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok