Ynha, meteroidleri görmäne pursat…

Ýylyň iň meşhur meteroid ýagyşlaryndan biri bolan Perseid meteroid ýagyşyna, şu ýyl ýokary depginde şaýat bolunar. Bu meteroid ýagyşy 11-nji awgustyň öýlän wagtlaryndan, 12-nji awgustyň daňdany aralygy iň köp meteroid derejesine ýeter.

NASA-nyň habar bermegine görä, doly aý bolmasa-da, henizem 52% töweregi yşyklandyryş bolar we garaşylýan meteroidleriň sany sagatda 60-dan gowrak bolup, bu san sagatda 15-den 20-ä hem deň bolup biler.

Agşam düşenden soň, birnäçe minutda asmanda ýagyp duran meteroid ýa-da gaýýan ýyldyzlary görmäge garaşyň. Arassa asman, bu haýrangaldyryjy we täsin hadysany şaýat bolmaga uly ýardam berer.

Amerikan Meteroid Jemgyýetiniň habar bermegine görä, bu meteroid ýagyşy 10-njy awgust we 13-nji awgust aralygynda-da hem görünüp biliner.

NASA alymlary bu meteroid ýagyşyny, sagat 9-dan soň islendik wagt görüp boljakdygyny aýtdylar. Sebitiňizde, meteroidleriň köpüsini görmek üçin iň amatly wagt, gijäniň iň garaňky böleginde, sagat gije 2:00-yň we daň atmaklyk wagtynyň aralygydyr.

Bu seýrek duş gelýän hadysany Türkmenistandan hem görmek bolar.

Çeşme: https://edition.cnn.com/2020/08/10/world/perseid-meteor-shower-2020-scn-trnd/index.html

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok