“Türkmenistanyñ nebiti, gazy we mineral serişdeleri” atly žurnalyň täze sany çykdy

Tebigy gazyň gorlary boýunça dünýäde dördünji orny eýeleýän Türkmenistanda nebit gaz pudagy ileri tutulýan ugurlaryň biridir. Ýakynda “Türkmenistanyñ nebiti, gazy we mineral serişdeleri” atly jemgyyetçilik-syýasy we ylmy publisistiki žurnalynyň täze sany okyjylara gowuşdy. Žurnalyñ sahypalarynda Tükmenistanyñ nebit gaz pudagynda alnyp barylýan işler barada, ösen tehnologiýalar, statistiki maglumatlar we yene-de birnäçe ylmy temalar boýunça makalalar ýerleşdirilen.

Mundan başga-da pudagyñ hepdelik gazeti bolan “Nebit-gaz”  gazetiniñ  PDF görnüşini oilgas.gov.tm saýtyndan ýükläp bilersiňiz.

Keramat Bazarow

TDBGI-niň talyby

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok