Zenan aýakgaplarynyň täze brendi

“Muhammet-Balkan” hojalyk jemgyýeti indi täze haryt nyşany “Mengli shoes” bilen zenan aýakgap bazaryna girdi.

Özüniň ýumşak hem-de rahat aýakgaplary bilen özüni tanadan “Muhammet-Balkan” hojalyk jemgyýetiniň önümlerine hyrydarlar günsaýyn artýar.

Kärhanada her günde dürli ölçeglerdäki 200-500 sany jübüt aýakap öndürilýär. Erkek aýakgaplaryny öndürmekde özüni tanadan “MB shoes” indi täze markasy, ýagny zenan aýakgaplaryny öndürýän “Mengli shoes” bilen köplere mälim bolar.

2009 – njy ýylda esaslandyrylan bu kärhnada ýakyn wagtda aýakgaplaryň 10-dan gowrak täze görnüşini öndürmek meýilleşdirilýär.

Sylapberdi Mämmedow

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok