Dünýä belli Ispan derwezewan Iker Casillas 1981-nji ýylda doguldy. 1998-nji ýylda Real Madridiñ C toparynda, 1999-njy ýylda Real Madridiñ B toparynda, 1999-njy ýylyñ soñundan 2015-nji ýyla çenli Real Madridiñ esasy toparynda çykyş etdi. 2015-2020-nji ýyllar aralygynda Portugaliýanyñ Porta toparynda çykyş etdi. Şeýle hem 2000-2016-njy ýyllar aralygynda Ispaniýanyñ Milli ýygyndysynda çykyş edipdi. Iker Casillas 04.08.2020ý. senesinde özüniñ kariýerasyny taşlandygyny mälim etdi.
Iker Casillasyñ kariýerasyna ser salsak, Real Madridiñ ähli topary we Porta topary bilen jemi 656 gezek, Milli ýygyndy bilen hem 167 gezek derwezäni gorady. Şol senelerde birnäçe rekordlara mynasyp boldy. Şahsy başarnyklary sanardan köp, ýöne esasylaryny belläp aýtsak:
1. UEFA Çempiýonlar Ligasynda iñ köp derwezede duran;
2. UEFA Çempiýonlar Ligasynyñ final duşuşygynda çykuş eden iñ ýaş derwezewan;
3. Sergio Ramos geçyänçä iñ köp Ispaniýa Milli toparynda çykyş eden oýunçy;
4. Kapitan derwezewan hökmünde Dünýä kubogyny galdyran 3-nji oýunçy;
5. Milli topar bilen 100 ýeñiş gazanan ilkinji oýunçy;
6. Ýewropa kubogynda 509 minutlap derwezesini gola ýapan oýunçy;
7. Milli topar bilen iñ köp oýunda derwezesinde gol görmedik oýunçy, 74 oýun;
8. 2010 Dünýä kubogynyñ Altyn elliginiñ ýeñijisi.
9. BRAVO we ZAMORA baýraklarynyñ ýeñijisi.
Bulardan başga-da:
a) La Liganyñ 5 gezek çempiýony;
b) Copa del Rey 2 gezek çempiýony;
c) Ispaniýanyñ Super kubogynyñ 4 gezek çempiýony;
d) UEFA Çempiýonlar ligasynyñ 3 gezek çempiýony;
e) UEFA Super kubogynyñ 2 gezek çempiýony;
f) Dünýä Kuluplar kubogynyñ 1 gezek çempiýony;
g) FIFA Dünýä kubogynyñ 1 gezek çempiýony;
h) UEFA Ýewropanyñ kubogynyñ 2 gezek çempiýony;
i) Ispaniýanyñ 20 ýaşyndan pesler topary bilen FIFA Dünýä Ýaşlar kubogynyñ 1 gezek çempiýony;
j) Ispaniýanyñ 16 ýaşyndan pesler topary bilen UEFA 16 ýaş kubogynyñ 1 gezek çempiýony;
k) Primeira Ligasynyñ 2 gezek çempiýony;
l) 5 gezek FIFA we 6 gezek UEFA-nyñ Ýylyñ toparyna saýlandy hem-de iñ gowy derwezewan hökmünde ykrar edildi.
Hudaýberdi Baýew
Teswirler