Türkmenistanyň Içeri Ministrliginiň Polisiýanyň Ýol Gözegçilik Gullugy tarapyndan Foto we wideo ýazgy edýän serişdeleriň üsti bilen ýol hereketiň kadalarynyň bozulanlygy üçin Adminstratiw hukuk bozulma barada iş boýunça ýörite Kararyň asyl nusgasyny we Kanuna laýyklykda kesgitlenen jerime tölegleriň ulagyň eýesiniň salgysyna “Türkmenpoçta” Poçta Aragatnaşyk kompaniýasynyň işgärleri tarapyndan tiz we wagtynda gowşurmak hyzmatyny ýola goýuldy. Jerime töleglerini Aşgabat şäheriniň we welaýat merkezleriniň ähli poçta nokatlarynda we şahamçalarynda nagt we nägt däl görnüşinde töleg geçirip bilinýär. Sürüjiler islese tölegi https://www.turkmenpost.gov.tm/ saýtynyň üsti bilen onlaýn töläp biler, şonda, tölegiň geçendigi barada SMS geler.
Saýtda diňe jerime tölegleri bilen çäklenmän, sürüjiler awtoulagynyň belgisini girizip öz awtoulagynda jerime barlygy ýa-da ýoklygy barada hem habar alyp bilerler.
Teswirler