Casillas futbol bilen hoşlaşdy

Iker Casillas-y tanamaýan az-az bolsa gerek. Ispaniýaly meşhur futbol ýyldyzy özüniň 22 ýyllyk karýerasyny tamamlady.

2015-2020 – nji ýyllar aralygynda “Porto” toparynda derwezeban bolan futbolçy bu ýyl 39 ýaşady. 2010 -njy ýylda dünýä çempiony bolan bu ýyldyzyň, gazanan üstünliklerini sanasaň sogaby bar.
Mundan başga-da Casillas-yň “Reebok” we ” Adidas” brendlerini reklama etmekde hem birnäçe ýyllyk tejribesi bardyr.

Özüniň Twitter sahypasynda ” Pikirimçe, meniň ýolum we onuñ netijeleri boýunça diňe arzuw edip bolar. Sag boluň!” – diýip belleýär.

Sylapberdi Mämmedow

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok