5 – nji awgust Halkara ýol yşyk çyralarynyň güni

Häzirki wagtda biziň durmuşymyzda yşyklandyryjynyň turýan ýerlikli orny bar. Awtoulaglaryň kadaly ýagdaýda ýöremeginde hem –de pyýada ýolagçylaryň ýerüsti geçelgelerden kadaly ýagdaýda geçmeginde yşyklandyryjylaryň uly kömegi bar.

Ilkinji yşyklandyryjy 1868-nji ýylyň 10 –njy dekabrynda Londondaky Britan hökümetinjin jaýynyň gapdalynda ýerleşdirilipdir. Ony Jeý Pik Naýt esaslandyrypdy.  Döwüriň talaplarynyň ösmegi bilen yşyklandyryjylaryň awtomatiki ýagdaýda işleýäni peýda bolup başlaýar. 1910 – njy ýylda  Çikagoly Ernst Sirriniň awtowatiki ýagdaýda işleýän,  yşyklandyryjyny oýlap tapýar.  Yşyklandyryjy “ Stop”  ( stop) we   “Proceed ” (dowam)  ýazgylary esasynda işläpdir.  Bu yşyklandyryjylaryň oýlap tapyş yzygiderligi biziň häzirki günlerimize çenli ýetip geldi.

Ýolagçylara pyýada geçmeklik üçin niýetlenen ýörite yşyklandyryjylar 1960 – njy ýylda peýda bolup başlaýar.

Sylapberdi Mämmedow

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok