Futbolda transfer möwsümi gyzgalaňly başlady…

Borussia Dortmundyň ýaş ýyldyz futbolçysynyň soňky möwsümlerdäki çykyşy herkimi haýrana goýdy. Birnäçe toparlar Dortmund toparyna Jadon Sanchony transfer etmek üçin tekliplerini bermäge başladylar. 03.08.2020ý. senesinde Manchester United topary 98 million funt sterlinge, ýagny 128 million ABŞ dollaryna ýyldyz futbolçyny transfer etdi. 2025-nji ýyla çenli Manchester Unitedde çykyş etjek oýunçynyň özi näçeräk aýlyk aljakdygy entek belli bolmady.

Jadon Sancho 2000-nji ýylda Angliýada doglup, futbola Watford hem-de Manchester City toparlarynyň kiçi ýaşly futbolçylar toparynda başlady. 2017-nji ýylda Borussia Dortmund toparyna transfer boldy. Angliýanyñ milli ýygyndysynyň birnäçe ýaşdaky toparlarynda çykyş edip, häzir ol Angliýanyň milli ýygyndysynyň hem oýunçysydyr.

Hudaýberdi Baýew

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok