Mental arifmetika bolan gyzyklanma artýar

“Altyn Göreç” okuw merkezi Mary welaýatynyň Mary we Ýolöten şäherlerinde şahamçalarynda çagalaryň aňynyň ösmegine uly goldaw berýän Mental arifmetika öwredilýär.

Mental arifmetika – bu dilden sanamak ulgamyna esaslanýan 5-12 ýaş aralygyndaky çagalaryň intellektual ukyplaryny ösdürmekde esasy hem-de özboluşly usyl bolup durýar.

Bu täsirli hem-de peýdaly usyl, Mary welaýatynda “Altyn Göreç” okuw merkeziniň ähli şamaçalarynda “Mega Mental Arifmetika” atly kursunyň çäklerinde alnyp barylýar. Bu kursa gatnaşýanlar uly sanlar bilen goşmak-aýyrmak, köpeltmek-bölmek funksiýalaryny çalt we aňsatlyk bilen hasaplap bilýärler.

Şeýle-de mental arifmetiak usuly bilen hasaplanýan wagty, çagalar başga hereketleri hem bir wagtda ýerine ýetirip bilýär. Ekranda yzly-yzyna görkezilýän sanlary tans etmek, aýdym aýtmak, saz çalmak we dürli hereketleri ýerine ýetirmek ýaly hereketler bilen bir hatarda hasaplap başarýarlar.

Mental arifmetika:

  • Çagalaryň dilden we ýatdan matematika ukyplaryny kämilleşdirýär,
  • Çagalaryň üns bermek we pikirlenmek ukyplaryny ýokarlandyrýar,
  • Çagalaryň aňynyň we zehininiň çalt ösmegine ýardam berýär,
  • Çagalaryň ugurtapyjylyk we mesele çözmek ukyplaryny kämilleşdirýär.

“Altyn Göreç” okuw merkezi, Mary şäheri : +993(522) 6-02-97

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok