1999-njy ýylyň 26-njy noýabrynda Oman soltanlygynda taryhçylar we arheologlar tarapyndan meteroid daşy tapylyp oňa “Şeýh el Uhaýmir 008” adyny berdiler. Bu meteroid daşyň agramy 8,5 kg-a barabar bolup, ol 1000 ýyldan bäri Oman soltanlygynda bolanlygy çaklanylýar. Bu daşyň iň haýran galdyryjy taraplarynyň biri hem mundan 450 million ýyl öň, Marsda döremegidir.
Bu daş millionlarça ýyl Marsyň belli bir böleginde galanyndan soň, mundan 600-700 müň ýyl öň bir asteroidiň çaltlyk bilen Mars-a degmesi, Marsyň köp daşlykly ýerleriniň äleme ýaýramasy we äleme ýaýran daşlaryň hem käbiriniň dünýäniň atmosferasyna girmekligi netijesinde, Oman soltanlygyna gelenligi çaklanylýar.
NASA-nyň (Milli Awiasiýa we Älem Administrasiýasy) “Perseverance”(erjellik) atly älem maşynyny 30-njy iýulda, Türkmenistan sagadyna göra 16:50-de Marsdan daş we toprak nusgalaryny dünýämize getirmegi üçin, Marsa uçuş etdi we ýany bilen “Şeýh el Uhaýmir 008” atly daşy, daşlary deňeşdirmek we öz enjamlarynyň hilini barlamak sebäpli äkitdi. Netijede, bu daş, öz watany bolan Marsa dolandy.
2020-nji ýylyň, Iýul aýynyň statiskalaryna görä, dünýämizde tapylan we tapylýan 60 müňden köp meteroidiň 272 sanysynyň Marsdan gelenligi çaklanylýar. Muňa delil hökmünde şol daşlaryň himiki düzümi, Mars planetasyndaky daşlara meňzeýänligi görkezilýär.
Teswirler