2020-nji ýylyň 29-njy iýulynda ýurdumyzyň gündelik neşiri bolan “Türkmenistan” gazeti 100 ýaşaýar. Bu gazet ilki döredilende hepdelik gazet görnüşinde döredilipdir we onuň ilkinji sany kiçi formatly, möçberi iki sahypaly bolup, 1920-nji ýylyň 29-njy iýulynda, penşenbe güni 600 tiražda çykarylypdyr. Gazetiň ilkinji sanynda :”Gazet nämedir”, “Ýatan öküze iým ýok” diýen sözbaşyly makalalar çap edilipdir.
“Gazet nämedir” atly makalada okyjylara, umuman, gazetiň roly, hususan-da, “Türkmenistan” gazetiniň öz öňünde goýýan maksatlary we wezipeleri düşündirilýär. Makalada şeýle diýilýär: “Milletiň ylymlylygy gazetinden belli bolýar diýipdirler, ýagny gazet okamak, ylymdan, okuwdan maglumat almak, dünýä işlerinden habardar bolmak- ol hem ylymlylykdanmyş. Biz türkmene – aa:m millete gazet çykarmak hem döwletdendir. Obalarda, çöllerde, dagda-derede oturan türkmenler häzirki zamanda her bir ýerden ýalan-ýaşryk habar alyp, gaýgy-gussa galyp, hal-ýagdaýy erbetleşýär. Şol sebäpden hem bu gazeti çykarmak bilen:
- Birinjiden, dünýädäki işleriň hakyky ýagdaýyny halka mälim etmeklik;
- Ikinjiden, hökümet tarapyndan çykarylýan buýruklardan habardar etmeklik;
- Üçünjiden, ylym hem hünär ugrundan boldygyça aýan etmeklik;
- Dördünjiden, bolanja akylymyz bilen ilata nesihat bermeklik pyglymyz hem bardyr” [1].
Diýmek, “Türkmenistan” gazetiniň 1920-nji ýylyň 29-njy iýulynda çykan ilkinji sanynda ýerleşdirilen “Gazet nämedir” atly makalada gazetiň redaksiýasy, turuwbaşdan, gazeti okamagyň, ony ýaýratmagyň zerurdygy hakynda okyjylara ýüzlenipdir. Şol ýyl gazetiň jemi 14 sany neşir edilipdir. Gazetiň 1920-nji ýyldaky soňraky sanlary bolsa 1000 tiražda çykypdyr. Onuň şol ýyldaky ahyrky sany 1920-nji ýylyň 13 –nji noýabrynda çap edilipdir. “Türkmenistan” gazetiniň 1920-nji ýylda çykan sanlarynyň hemmesiniň diýen ýaly ekzemplýarynyň Özbegistanyň Alyşir Nowaýy adyndaky kitaphanasynyň, iki sanysynyň ekzemplýarynyň hem Moskwanyň W.I. Lenin adyndaky döwlet kitaphanasynyň fondlarynda saklanylýar[2]. 1920-nji ýylyň 13-nji noýabryndaky sanyndan soň, “Türkmenistan” gazeti iki aýlap çykarylman, 1921-nji ýylyň 15-nji ýanwaryndan uly formatly görnüşinde neşir edilip başlanýar. Şondan soň hem gazet yzygiderli çykmandyr. 1921-nji ýylda gazet her üç günden, bäş günden, iki hepdeden, käwagt ýigrimi günden çap edilipdir. Gazetiň çykyşy 1922-nji ýylda hem yzygiderli bolmandyr.
1921-nji ýylyň dowamynda gazet uly formatly, möçberi iki sahypa bolupdyr. 1922-nji ýylyň 17-nji martyndaky sanyndan başlap bolsa, gazet käte uly käte-de kiçi formatly, möçberi dört sahypaly görnüşde, arap elipbiýinde türkmen we azerbaýjan dillerinde neşir edilipdir. Ondan öň gazet arap elipbiýinde, diňe türkmen dilinde neşir edilipdir. 1922-nji ýylyň dowamynda gazetiň tiražy 1600-den 2000 ekzemplýara çenli üýtgäp durupdyr.
Ýeri gelende aýtsak, “Türkmenistan” gazeti 1929-nji ýyla çenli arap elipbiýinde türkmen dilinde çykarylypdyr. 1929-njy ýyldan 1940-njy ýyla çenli bolsa latyn elipbiýinde türkmen dilinde neşir edilipdir. 1940-njy ýyldan 1993-nji ýylyň 13-nji apreline çenli türkmen elipbiýi döredilýänçe, rus elipbiýinde türkmen dilinde çap edilipdir.
“Türkmenistan” gazetiniň bir asyrlyk ömründe döwletiň baş gazeti hökmüne iň arzylanan döwri 1991-nji ýylyň 27-nji oktýabryndan – ýurt Garaşsyzlygymyza eýe bolan günümizden soňra başlandy. Ýagny, şondan soňra “Türkmenistan” gazeti döwletimiziň esasy gazeti bolup, günelik neşir edilip ugraldy. Baş gazetimiz ýurt berkararlygymyzyň ilkinji gününlerinden başlap, ata Watanymyzyň syýasy-jemgyýetçilik durmuşynda bolup geçýän täzelikleri, ýurdumyzyň medeni-ykdysady ösüşlerinde gazanan üstünliklerini günelik habar edip, gyzgyny bilen halka ýetirmeklikde irginsiz tagalla edýär.
“Türkmenistan” gazeti Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bolsa lowurdap duran aýna ýaly kagyzda neşir edilip, halk köpçüligine ýetirilýär. Gazetiniň elektron nusgasy 2019-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap, www.metbugat.gov.tm internet web saýty arkaly okyjylara ýetirilýär.
Toýly Jänädow
Mary welaýatynyň Mary etrabynyň
Ruhubelent geňeşliginiň ýaşaýjysy
[1] H. Goçmyradow, M. Annagurbanow. Türkmen žurnalistikasynyň taryhy.Ýokary okuw mekdepleri üçin okuw kitaby.- A.:Türkmen döwlet neşirýat gullugy,2010. 24-nji sahypa.
[2] H. Goçmyradow, M. Annagurbanow. Türkmen žurnalistikasynyň taryhy.Ýokary okuw mekdepleri üçin okuw kitaby.- A.:Türkmen döwlet neşirýat gullugy,2010. 21-nji sahypa.
Teswirler