Türkmen talyplary dekanyň sanawynda

ABŞ-niň Iowa ştatynda ýerleşýän Waldorf uniwersitedi ýaňy ýakynda  2019-2020-nji okuw ýylynyň ýazky tapgyrynda dekanyň sanawyna giren talyplary sanawyny çap etdi. Bu sanawa geçenki güýzki sanawdan ýene-de 5 türkmen talyby goşuldy. Bu ýazky sanawa türkmenistanly 9 sany zehinli talyp girmegi başardy.

Dekanyň sanawyna (Dean’s List)  Cumulative Grade Point Average (CGPA) bahalandyryş ulgamy bilen hereket edýän ýokary okuw jaýyndaky talyplaryň ortaça bahasy 3.50 – 4.00 aralygynda bahasyny saklap bilen talyplar girýär. CGPA (üýşürilen ortaça bal bahasy) iň ýokary 4.00 alyp bolýar.

Waldorf uniwersitedi 1903-nji ýylda ABŞ-niň Iowa ştatynyň Forest şäherinde guruldy. Bu abraýly ýokary okuw jaýy talyplar üçin täjirçilik, aragatnaşyk, hukuk, bilim, aýdym-saz, psihologiýa we teatr ýaly innowasion ylymlary öwredip, olara bakalawr we magistr derejelerini berýär.

Sanawdaky türkmen talyplary: Eziz Rejepow, Aýnabar Durdyýewa, Jennet Hojanazarowa, Dildora Farhatowa, Jennet Gurdowa, Esenaman Batyrow, Myrat Hajybaýew, Medine Tuhbatulina, Gülnäz Sabyrhojaýewa.

Arslan Annanyýazow

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok