Siz diňe günüň däl-de aýyň hem älemgoşary bardygyny bilýärdiňizmi? Ay älemgoşary ya-da aý ýaýy diýilip atlandyrylýan bu seýrek tebigy hadysa ayyň ýagtylygynyň howadaky suw damjalaryny serpikdirmegi we şol damjalaryň aýyň yşygy tarapyndan döwülmegi esasynda ýüze çykýar. Bu geň tebigy hadysa älemgoşarlara garanyňda gaty seýrek duş gelýär, sebäbi bu haýran galdyryjy hadysanyň bolup geçmegi üçin ençeme howa we astronomiki şertleriň kada laýyk duş gelmegi zerurdyr. Ençeme fiziki hem-de astronomiki şertleriň bir ara gelmesinden orta çykýan bu täsin hadysanyň bolup geçmegi üçin aýyň ýerleşýän ýeri asmanyň aşakragynda, ýagny 42 derejeden köp bolmadyk şekilde gorizondyň aşagynda ýerleşmegi zerurdur. Mundan başga-da aýyň doly aý, asmanyň gap-garaňky we howa damjalarynyň aýyň arkasynda ýerleşer ýaly bolmagy hem bu hadysanyň görülmesi üçin hökmandyr.
Görüşiňiz ýaly, bu geň hadysa gaty seýrekdigi sebäpli her ýyl millionlarça turistlerdir syýahatçylar, bu adatdan daşary hadysa şaýat bolmak üçin aý älemgoşarlarynyň döreýän ýerlerine zyýarat edýärler.
Aý älemgoşarlary dünýäniň käbir ýerlerinde esasan hem şarlawuklaryň bolan ýerlerinde ýygy-ýygydan duş gelýär. Muňa mysal edip ABŞ-nyň Californiýa ştatynyň milli Ýosemit parkyny, Kentuki ştatynyň milli Kimberland parkyny, Hawai ştatynyndaki Waimei adyndaky turistik ýerini hem-de Zambiýa we Zimbabwe döwletleriniň serhedinde ýerleşýän Wiktoriýa şarlawugyny mysal görkezmek bolar.
Taýarlan: Arslan Annanyýazow
Teswirler
Nature miracles really inspires me. Thanks for publishing such a phenomenon event!!!