Türkmenistanda «Coca-Cola» önümçiligini gaýtadan dikeltdi

Türkmenportal saýtynyň habar bermegine görä «Türkmenistan Coca-Cola Bottlers» hojalyk jemgyýeti ilat arasynda meşhur içgileriň önümçiligini gaýtadan dikeltdi. Şeýlelikde, «Coca-Cola Classic», «Coca-Cola Şekersiz», «Fanta Mandarin» we «Sprite» gaýtadan öndürilip başlandy.

Zawodyň öndürýän önümleri öndürijiden maslahat berilýän bahalarda paýlaýyş torlaryna girizildi. «Coca-Cola Classic» içgisi 10, galan içgiler 8 manatdan satylýar.

Zawod «Coca-Cola» kompaniýasynyň resmi şahamçasy hökmünde Türkmenistanyň çäginde 1998-nji ýyldan bäri işleýär. Şeýle-de, «Coca-Colanyň» Ýer ýüzünde 11 müňden gowrak zawody bar.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok