Tomusdaky – janly kondisioner

Hawa, tomus paslynyñ ikinji aýy hem ahyrlap barýar. Tomus günlerinde düýe çaly peýdaly içgileriñ biridir. Ata – babalarymyz “Düýe maly – dünýe maly ” diýip diýseñ ýerliki belläp geçyärler. Taryhy maglumatlara ser salsak, düýeler irki eldekileşdirilen jandarlaryñ biri bolup durýar. Kärizlerde suw çykarmakda, däneleri döwmekde we ýükleri daşamak ýaly hojalyk işlerinde düýäniñ kömegi diýseñ uludyr. Suwsuzlyga çydamly bu jandaryñ peýdaly çaly bilen bir hatarda ýüñi hem tapylgysyz çig mallaryñ biridir. Bilşimiz ýaly,  düýäniñ deminden çykýan howa daşky gurşawyñ howasyndan 9⁰C salkyndyr. Tomus günlerinde daşky gurşawdan barýan gury, yssy howa öz ornuny nem öýkenlerindäki çyglylyk bilen çalyşýar. Çyglylyk filtrlenip howa çalşygy emele gelýär. Netijede düýe daşky gurşawa salkyn howany çykarýar.       

Sylapberdi Mämmedow             

 

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok