Siz “şatlyk” kölüni gurduňyzmy?! (liriki oýlanma)

Şahyr bu şygrynda biziň durmuşymyzda esasy, wajyp zatlaryň bagt, şatlykdygyny şeýle belleýär:

” Biz ählimiz şatlyk üçin dogulduk,
Şatlyk üçin geçýäs ine, şunça ýol
Şat günleriñ az bolanyna gynanma
Şat günleriň bolanyna monça bol “

Hakykatdan-da, biziň hemmämiz bagt, şatlyk üçin dogulýarys. Ýöne köplenç bu şatlykly günleri, şatlykly wakalary duýmagy başaramzok. Elmydama gaýgyly-gamly günlerimiz has gowy ýadymyzda saklaýarys. Eýsem , biziň durmuşymyzyň her bir güni şatlykly pursatlardan doly dälmi?!

Biz her günde nije şatlykly pursatlar gabat gelýäris, emma olaryň aglabasyhy welin duşumyzdan geçirýäris. ” Her bir sözüň güýji bar” diýýäler-ä… Rast aýdylan. Biz hem näçe şatlykly, bagtly pursatlary ýatladygymyzça, ol pursatlar şonça köpelýär.

Mekdebe çenli çagalar bagyny tamamlap, ak mekdebe ilkinji ädimleri basan çagalary ýa bolmasa ýokary okuw jaýyna giriş egzaminden geçen dalaşgärleri  ýaş juwanlary göreniňde olaryň şatlyk  duýgularyny olaryň gözlerinden hem duýmak bolýar.

Bu yzygiderlilik adam ömründe dowam edýär. Ýöne bulardan başga-da biziň durmuşymyzda şatlykly pursatlar köp.

Ata-babalarymyz ” Dama-dama köl bolar, hiç dammasa çöl bolar ” diýýärler. Bu nakyl her birimiziň aňymyza ornaşan bolsa gerek. Eger-de biz her bir gündelik şatlyklarymyzy damja diýip kabul etsek, onda ol wagtyň geçmegi bilen “şatlyk” kölüne öwrülip biler. Siz hem özüñiziň “şatlyk”, “bagt” atly kölüňizi guruň! Ony şatlykly, bagtly, täsirli damjalar bilen pürepürläň!

Durmuşumyzy nähili şatlykly geçirmek islesek, ony şonuň ýaly hem geçireris. Ähli zat biziň öz elimizde. Biz öz ykbalymyzyň eýesi ahyryn….    

Sylapberdi Mämmedow

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok