Stawropol sebiti soňky döwürde Russiýanyň öňdebaryjy teleýaýlymlarynyň habarçylaryny işjeň özüne çekýän sebite öwrüldi.
Birnäçe gün ozal “Культура” teleýaýlymynyň ýazgy topary sebitde iş saparyny tamamlady. Žurnalistler ol ýerde Türkmen, Blagodarny we Neftekum sebitlerinde ýaşaýan türkmenleriň taryhy, medeniýeti däp-dessurlary we durmuşy bilen tanyşdylar. Bu maglumaty sevkavprotal.ru saýtyna esalanyp Türkmenportal habar berýär.
“Žurnalistler bilen alyp baran işimizden diýseň hoşal. Ýazgylar diýseň gyzykly boldy “-diýip, Stawropol sebitiniň türkmenleriniň milli guramasynyň wekili Yshak Muhammedow belläp geçýär.
Teswirler