Awtoryň öňki makalasynda “Nagt däl tölegleriň adaty däl usullary” (24.01.2020) barada maglumat berilipdi. Epidemiýa döwründe dünýäde häzirki wagtda trend temalaryň biri “kontaktsyz” ykdysadyýet tehnologiýalary bolsa gerek.
Şu günki günde dakylýan enjamlar giň gerime eýe däldirler, emma olarda örän uly mümkinçilikler bardyr- dakylýan elektroniknyň bazary elmydama ösmek bilendir. Canalys atly garaşsyz seljerme agentliginiň maglumatlaryna görä, geçen ýylda onuň ösüşi 10% töweregi bolupdyr.
Strategy Analytics barlaglarynyň ahyrkysynyň maglumatlaryna görä, akylly sagatlaryň bazary her ýylda 1% artýar, geçen döwürde satylan enjamlaryň sany- 8mln-dan hem ýokarydyr.
Ýüzükler bilen töleg geçirmek.
Modanyň we tehnologiýalaryň dünýälerini birleşdirmek synanyşmalarda kompaniýalar kontaktsyz tölegler üçin NFC- çipleri ornaşdyrylan dakylýan elektronikalary, bezeg şaý-seplerini we egin-eşiklerini işläp taýýarlaýarlar.
Beýleki bazarlar kimin, “akylly” enjamlaryň bazary depginli ösýändir we özgerýändir. Eger-de ozal hemmeler töleg geçirmek üçin terminala ýakynlaşdyrylmasy ýeterlik bolan “akylly” sagatlar barasynda gürrüň eden bolsalar, indi bu gün smart-ýüzüklere uly umyt bildirilýär.
Ýüzükleriň öndürijileri olaryň mümkiniçliklerini giňeltmegiň dizaýnynyň gowlaşdyrylmagynyň üstünde işleýärler. Dünýäde bary ýogy birnäçe kompaniýalar adaty şaý-sepleri akyllylaşdyrýarlar. Olardan şular bellidir: Ringly, Kerv Wearables, Shanxi Jakcom Technology, McLear, Logbar, Mota Group, Fujitsu, Nimb, Oura, Moodmetric.
2017-nji ýylyň iýunynyň ahyrynda Token atly akylly ýüzük görkezildi. Onuň kömegi bilen eýesi satuwlary tölemäge, internet-serwislerinde awtorizirlenmäge we kompýuter ýaly eletron enjamlaryny blokirlemekden açmaga mümkinçiligi bar.
Ýüzük bank karty barasynda maglumatlary goragly saklamaga mümkinçilik berýär, öýüň we awtoulagyň açarynyň deregini tutup bilýär, şeýle hem edara girmek üçin kartoçka hňkmünde hem çykyş edip bilýändir.
Ýüzügiň içinde kiçiräk çip bar bolup, bu çip maglumatlary we biometriki enjamy saklaýandyr. Biometriki enjam ýüzügiň işletmäge maşlamak üçin barmagyň yzyny ýazyp alýar. Aýratyn optiki enjam ýüzügi işledýär-de onuň hakyky eýesiniň barmagyna geýilendigini kesgitleýär. Munuň netijesinde hem ýüzük ýitirileninde ýa-da ogurlanylanynda hem maglumatlaryň we pullaryň ýitmeginde alada etmezlik mümkindir.
Ýakynda Russiýanyň «Альфа-Банк» banky hem blogerlere, žurnalistlere we müşderilerine ýörite töleg ýüzügini görkezdi. Ýörite maksat bilen, Konfederasiýanyň kubogy ugrundaky ýaryşlara gabat Visa bilen bilelikde NFC tehnologiýasyna eýe bolan antennaly ýüzügi taýýarlapdyrlar. Beýle ýüzük bilen kontaktsyz tölegleriň kabul edilýän ähli ýerlerinde hasaplaşylmak mümkindir. Bu töleg ýüzükleri «Альфа-Банк» bankynyň öňünden tölenen kartlaryna berkidilendir.
Bilezikler bilen tölegler.
Halkara derejesinde geçirilýän medeni-köpçülikleýin çärelerinde, dürli festiwallarda bank kartlary bilen däl-de bilezikler bilen hasaplaşylýar. Olary dakynmak we götermek añsat bolup, olar bilen naharhanalarda iýmit, dürli miwe şireleriniñ we sowgatlyk harytlaryñ tölegleri geçilýär. Munuñ mysaly, 2016-njy ýylda Russiýanyñ Alfa Future People festiwalynda «Альфа-Банк» tarapyndan ilkinji gezek Mastercard tarapyndan taýýarlanylan kontaktsyz tölegler üçin bilezikler hödürlenildi. Bu usul iri we ýapyk giñişliklerde ýa-da binalarda geçirilýän festiwallarda ulanmaga amatlydyr.
Dakylýan enjamlar hökmünde adatça akylly sagatlar, bilezikler we ele dakylýan beýleki zatlar göz öñüne gelýär. Emma iş ýüzünde olaryñ sany has hem ķœpđųř. Muña aýdyñ mysal hem, ýeñinde NFC çipi bolan Lyle & Scott bPay Jacket penjegidir. Bar talapedilýän zat çipi öz bPay akkauntyña birikdirmek. We şeýlelikde, eliñi terminala golaýlatmak arkaly töleg geçirip bolýar.
Bu ugurda öz işlerini Barclaycard örän depginli ýagdaýda alyp barýar. Ol kontaktsyz tölegleri geçirmäge mümkinçilik berýän dakylýan enjamlary işläp taýýarlaýar. Bileziklerden başgada açarlar üçin breloklar, telefonlar üçin ýelimler we ýörite sagatlaryñ kemerjigine dakyp bolýan tokarlar bardyr. Emma soñkylaryñ töleg mümkinçilikleri ýokdur.
Elbetde, islendik tehnologiýanyñ giñ ýaýramagyna wagt gerekdir. Kontaktsyz tölegler käbir adamlar tarapyndan şübheli garalýandygyna garamazdan, biometriki maglumatlaryñ we akylly enjamlaryñ üsti bilen tölegler diñe bir bölek satuw ulgamynda ägirt uly özgerişlik bolman, satyn alyjylaryñ rahatlyklary we hasaplaşyklaryñ howpsuzlygy nukdaýnazaryndan uly öñegidişlikdir. Bu täze tehnologiýalaryñ haýsysynyñ giñ gerim aljagyny we başgada nähili täze tehnologiýanyñ oýlanylyp tapyljagyny wagt görkezer.
Bagtyýar Gurbansähedow.
Teswirler