Türkmenistanyň at gaznan artisti Ysmaýyl Jumaýew aradan çykdy

17-nji Iýulda Türkmenistanyň at gazanan aritsti, Mukamlar köşküniň orkestr solisti Ysmaýyl Jumaýew aradan çykdy.

Ysmaýyl Jumaýew soňky çykyşlaryny 1-nji maýda, 10-njy maýda, şeýle hem Maýa Kulyýewa adyndaky Milli konserwatoriýanyň uçurumlarynyň konsertinde beripdi. Köpler tarapyndan halanýan, uly konsertlere we döredijilik agşamlaryna hemişe gatnaşýan Ysmaýyl Jumaýew 1962-nji ýylda doguldy.

Ussat artist birnäçe gezek dürli halkara ýaryşlaryň ýeňijisi bolmagy başardy. Onuň birnäçe sahnalary halk tarapyndan halanyp görüldi. Şolara mysal edip, Italýan rejisýory  Daniele de Plano tarapyndan Aşgabatda sahnalaşdyrylan “Pagliacci” operasynda Tonio rolundaky ajaýyp çykyşyny ýatdan çykarmazlar.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok