Ýeňil uçarlar bilen dizinfeksiýa geçirildi

Türkmenistanda ýokançlyklardan goranmak üçin awiasiýa ulanylýar.

Ýeňil motorly uçarlar arkaly Balkan sebitiniň serhetýaka etraplarynda – Türkmenbaşy we Balkanabat şäherlerinde dezinfeksiýa işleri geçirildi.

Zyýansyzlandyş serişdelerini uçarlar arkaly sepmek iki tapgyrda amala aşyrylýar. Köp ilatly ýerlere we ýollara dezinfeksiýa etmek üçin uçarlar ýerden 20 metr beýiklikde uçýarlar we hlor ergini bilen aerozol garyndysyny sepýärler.

Howadaky patogenleri ýok etmek üçin 50-60 metr beýiklikden dezinfeksiýa işi geçirilýär.  Ikinjisi, türkmen gidrometeorologlarynyň pikiriçe, ýeriň üstünden takmynan 40 metr uzaklykda geçiriler.

Bu usul arkaly alnyp barylýan ähli işler alymlaryň maslahatlaryna, adam saglygy we daşky gurşaw üçin dezinfeksiýa serişdelerini ulanmak üçin berk howpsuzlyk talaplaryna esaslanýar.

Alymlar bakteriýalaryň we wiruslaryň tozan bilen uzak aralyklara daşalyp bilinjekdigini ýüze çykardylar. Patogenler howadaky ownuk, has ýeňil organiki bölejiklere ýapyşýarlar, bu bolsa atmosferada has uzak durmaga mümkinçilik berýär.

Şeýlelik bilen kiçi uçarlaryň kömegi bilen howadan mümkin bolan wiruslary ýok etmek adam ömrüni goramakda we saglygyny berkitmekde örän netijeli usuldyr.  

Çeşme: Türkmenportal

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok