Ekologiýa medeniýeti durnukly ösüşiň binýadydyr.

Ilatyň durmuş-ykdysady derejesini ýokarlandyrmak maksady bilen geçirilýän çäreler, kabul edilýän çözgütler, göz öňünde tutulýan maksatnamalar ekologiýa meseleleri, raýatlaryň bu ugurdaky medeniýetliligini ýokarlandyrmak bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Ekologiýa meseleleri ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Bu meseläniň wajyplygy we dünýäde ählumumy häsiýete eýe bolmagy  ekologiýanyň bütin adamzadyň geljegine düýpli täsir edýändigi bilen şertlendirilýär. Milli Liderimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ekologiýa meselelerini çözmekde, daşky gurşawy goramakda, tebigy baýlyklardan rejeli peýdalanmakda diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem dünýäde hem alnyp barylýan işler planetanyň ýagty geljegine gönükdirilendir. Türkmenistanyň abraýly halkara guramalaryň münberinden öňe sürýän ekologiýa başlangyçlary dünýäde uly goldawa mynasyp bolýar. Çünki olar adam bilen tebigatyň gatnaşyklaryny sazlaşdyrmak arkaly durnukly ösüşi gazanmaga ýardam edýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji mejlisinde eden taryhy çykyşynda dünýä ähmiýetli ekologiýa meselelerini çözmekde halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň ornuny aýratyn belläp geçdi. Häzirki wagtda Türkmenistan BMG-niň Ösüş maksatnamasy, BMG-niň daşky gurşaw boýunça maksatnamasy, Ählumumy ekologiýa gaznasy ýaly halkara düzümleri bilen bilelikde tebigaty goramak, ekologiýa maksatnamalaryny we iri taslamalary durmuşa geçirmek boýunça köpugurly işleri amala aşyrýar. Ýurdumyz BMG-niň tebigaty goramak baradaky konwensiýalarynyň birnäçesine goşuldy we olary ratifikasiýa etdi. Olardan Biologik köpdürlülik hakyndaky Konwensiýasy, Çölleşmäge garşy göreşmek hakyndaky Konwensiýasy, Ozon gatlagyny goramak hakyndaky Wena konwensiýasy we Ozony dargadýan maddalar baradaky Monreal protokoly, Howanyň üýtgemegi barada BMG-niň Çarçuwaly Konwensiýasy, Merkezi Aziýanyň durnukly ösüşi üçin daşky gurşawy goramak boýunça Çarçuwaly Konwensiýasy bar. Türkmenistan bu möhüm konwensiýalara goşulmak bilen öz astyna alan borçnamalyny gyşarnyksyz berjaý edýär. Biziň ýurdumyz halkara howpsuzlygyny üpjün etmegiň we pugtalandyrmagyň, ekologiýa medeniýetliliginiň derejesini ýokarlandyrmagyň, dünýäniň ähli döwletleriniň arasynda oňyn özara hereketi pugtalandyrmagyň baş kepili hökmünde BMG-niň Baş Assambleýasynyň 70-nji mejlisinde kabul edilen 2030-njy ýyla çenli Durnukly ösüşiň maksatlaryny gazanmaga özüniň hemişe taýýardygyny beýan edýär. Bu maksatlaryň 17-si garyplygy aradan aýyrmaga, dünýäniň serişdelerini gorap saklamaga, ekologiýa howpsuzlygyny pugtalandyrmaga, hemmeler üçin deňligi we abadançylygy üpjün etmäge gönükdirilendir.

2017-nji ýylyň sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Durnukly ösüşiň maksatlary boýunça ylmy-usulyýet merkezi açyldy. Bu merkezde talyplar halypa mugallymlaryň ýolbaşçylygynda Durnukly ösüş maksatlary boýunça geçirilýän birnäçe bäsleşiklere gatnaşýarlar. Ýaşlaryň arasynda ekologiýa medeniýetliligini ýokarlandyrmak boýunça geçirilýän çäreler özüniň oňyn netijesini berýär. Ekologiýa ugry boýunça ýaşlara bilim bermek Döwlet bilim maksatnamalarynyň çäklerinde amala aşyrylýar. Mekdebe çenli ýaşly çagalar edaralaryndan başlap, orta, ýörite orta we ýokary okuw mekdeplerinde ýörite maksatnamalar esasynda ekologiýa we daşky gurşawy goramak boýunça sapaklar berilýär. Türkmen alymlary bu ugur boýunça okuw kitaplary, gollanmalary, okuw maksatnamalaryny taýýarlaýarlar.

Ekologiýa meseleleriniň global häsiýete eýe bolmagy döwletleriň öňünde bu ugurdan halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek, döwrebap hukuk binýadyny döretmek, ekologiýa medeniýetini ösdürmek ýaly wezipeler goýýar.

Biz hem türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebiniň talyplary-ýaş diplomatlar hökmünde ekologiýa diplomatiýasyny wagyz etmekde, ýurdumyzyň bu ugurdaky belent başlangyçlaryna öz mynasyp goşandymyzy goşmakda tagallamyzy gaýgyrmarys.

Sona HALYKOWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
halkara žurnalistikasy fakultetiniň 2 ýyl talyby. 

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok