Ýaş alymyň ezberligi

Türkmenistanyň Ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça bäsleşigiň bu ýylky baş baýragyň eýeleriniň biri  Kuwwat Abraýew barada gysgaça maglumatlar.

Türkmenistanyñ Telekommunikasiýalar we Informatika institutynyñ talyby Kuwwat Abraýew öň biziň saýtymyzda öz ýürek buýsanjyny beýan edipdi. Ähli ýaşlara görelde bolan bu ýaş alym Türkmenistanyň Ýaşlar baýragyna öz dalaşgärligini hodürlemäge taýýarlyk görýär. Biz oňa bu maksatlaryna ýetmegi üçin üstünlik arzuw edýäris

Geliň indi onuň terjimehaly bilen tanyş bolalyň:

  • 1997-nji ýylyň 9-njy aprelinde Aşgabat şährinde eneden doguldy, milleti boýunça türkmen.
  • 2004-2015-nji ýyllar arasynda Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 86-njy orta mekdebiniň okuwçysy boldy.
  • 2015 – 2020-nji ýyllarda Türkmenistanyň telekommunikasiýalar we informatika institutynyň Aragatnaşygyň radiotehnologiýalary fakultetiniň talyby boldy.
  • 2015-nji we 2018-nji ýyllarda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilen Uniwersiýada sportuň Sambo görnüşi boýunça ýeňijisi bolup, 3-nji derejeli diplom bilen sylaglandy.
  • 2018-nji ýylda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilen okuw dersleri boýunça döwlet bäsleşiginde ýokary matematika dersi boýunça ýeňijisi bolup, 1-nji derejeli diplom bilen sylaglandy.
  • Ýurdymyzyň ýokary okuw mekdepleriniň we halkara  ýokary okuw mekdepleriniň arasynda geçirilen Açyk matematika olimpiadasynda ( OMO – opened mathematical olimpiad) – 2019-njy ýylda kümüş medalyň, 2020-nji ýylda  bürünç medalyň ýeňijisi bolup, sylaglandy.
  • 2020-nji ýylda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň ýaş alymlaryň we talyp ýaşlaryň arasynda geçiren ylmy işleriň bäsleşine gatnaşyp baýrakly 1-nji oruna mynasyp boldy.
  •  2013-nji ýylda Türkiýe we Indoneziýa, 2014-nji ýylda Türkiýe we Gruziýa, 2018-nji ýylda Hytaý Halk Respublikasy ýaly döwletlerinde  gezelenç, halakara taslama olimpiadalary, okuw-tejribelik (Huawei company-da) saparlarynda boldy.

Şeýle-de okaň:
Ylymdan ruhlanan ýaşlaryň ýürek buýsanjy
ÝAŞLARYŇ ARASYNDA YLMY IŞLER BOÝUNÇA GEÇIRILEN BÄSLEŞIGIŇ JEMLERI

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok