ŞALKE-04-IŇ GOWY SÖWDAGÄRI BAÝERN MÜNHEN…

Bilşimiz ýaly Bundesligany bassyr 8 gezek çempiýon bolan Baýern Münhen transfer möwsüne çalt girişdi. Ýaňy-ýakynda derwezewan Alexsandr Nübel bilen orta meýdan oýunçysy Leroý Saneni tranfer edipdi.


Bilşimiz ýaly Nübel Şalkeniň ýetişdiren derwezewany, Sane bolsa Mançester Sitiden gelen hem bolsa Şalkeden ýetişen oýunçy. Şu ýyl Nübel Şalkede 26 oýunda oýnap, 40 goly derwezesinde gördi.


Muňa garamazdan Manuer Neuer hem bu ýyl 33 oýunda çykyş edip, 31 goly derwezesinde gördi, şeýle hem 15 oýun hiç gol derwezesinden girmedi.
23 ýaşyndaky Nübel eýýämden 34 ýaşly Neueryň şazadasy hökmünde garalýar.


Neuer hem 2011-nji ýylda Baýern Münhene Şalke-04-den transfer edilipdi. Diňe ýokardaky ady agzalan futbolçylar däl-de, eýsem, Hamyt Altyntop hem Şalkeden Baýern Münhene transfer bolupdy. Şol ýerde hem hasam kämilleşip Real Madride transfer bolupdy.

Hudaýberdi Baýew

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok