Türkmen Bitaraplygy-parahatçylyk söýüjilik we hoşniýetli goňşuçylyk syýasatynyň binýady

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk syýasaty sebitde we dünýäde uly gyzyklanma eýe bolýar, halkara gatnaşyklary ulgamynda abraýly orny eýeleýär. “Türkmenistan-Bitaraplygyň mekany” diýlip yglan edilen üstümizdäki 2020-nji ýylyň dowamynda şanly Bitaraplygyň XXV ýyllygy mynasybetli bolup geçýän maslahatlar, dabaraly çäreler aýdanlarymyzy aýdyňlygy bilen subut edýär. Milli Liderimiz Türkmenistanyň bitaraplyk daşary syýasatyny amala aşyrmakda milli we taryhy ösüşiň aýratynlyklaryny, sebit we dünýä derejesindäki wakalary we şertleri hemmetaraplaýyn göz öňünde tutýar. Bu ugur boýunça alnyp barylýan syýasy, ykdysady, medeni işleriň netijesinde ýurdumyzyň halkara-hukuk derejesiniň mümkinçilikleri has giňden açylýar we mazmuny baýlaşdyrýar.

Türkmenistanyň mysalynda bitaraplyk—parahatçylyk dörediji mümkinçiliklere eýe bolan halkara-hukuk derejesi we syýasaty hökmünde hasaplanylýar. Sebäbi Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy halkara gatnaşyklarynyň we diplomatiýanyň taryhynda ilkinji gezek Birleşen Milletler Guramasy derejesinde ykrar edilendir we şeýle bolmagynda hem galýar. 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň “Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy” atly taryhy Kararnamasynyň kabul edilmegi bu senäni diňe bir türkmen halkynda däl, eýsem dünýäde baýramçylyk gününe öwürdi.

Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy halkara-hukuk we daşary-syýasy taýdan kuwwatly, mizemez binýada daýanmak bilen bir hatarda, häzirki zamanyň derwaýys meselelerini çözmekde ygtybarly we işjeň gural bolup hyzmat edýär. Onuň subutnamasy hökmünde ýurdumyzyň köptaraplaýyn diplomatiýasynyň çäklerinde amala aşyrylan işler mysal bolup biler. Bu babatda, Türkmenistan özüniň daşary syýasatdaky baş ugrunyň esasy ýörelgeleriniň biri hökmünde Birleşen Milletler Guramasy bilen oňyn we hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem dowam etjekdigini yglan edýär. Bu gün biziň döwletimiz Birleşen Milletler Guramasynyň birnäçe ýokary derejeli we ýolbaşçylyk wezipeli düzümleriniň hataryna saýlandy. Olara gatnaşmak bilen, Türkmenistan BMG-niň işiniň kämilleşdirilmegine, bilelikdäki tagallalaryň netijeli bolmagyna, şol sanda parahatçylygyň we howpsuzlygyň, dünýäde durnukly ösüşiň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmakda we çözgütleri kabul etmekde öz mynasyp goşandyny goşýar. BMG-niň Baş Assambleýasynyň 72-nji sessiýasynyň 2017-nji ýylyň 17-nji noýabrynda geçirilen 55-nji umumy mejlisiniň barşynda “Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebitleýin merkeziniň orny” atly Rezolýusiýa kabul edildi. BMG-niň düzümine girýän 57 döwlet bu Rezolýusiýanyň awtordaşlary bolup çykyş etdiler. Munuň özi bitarap Türkmenistanyň strategik maksatlarynyň dünýäde parahatçylygyň we howpsuzlygyň, adam hukuklaryna hormat goýmagyň we ählumumy ösüşiň wezipelerine we bildirilýän talaplaryna doly laýyk gelýändigini subut etdi. bu bolsa sebitde ýagny, Merkezi Aziýada parahatçylygy, durnuklylygy, howpsuzlygy we hyzmatdaşlygy berkitmek boýunça halkara tagallalaryň bilelikdäki häsiýetini açyp görkezýär.

1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” atly Rezolýusiýasynyň kabul edilmegi we ony guramanyň agza döwletleriniň 185-siniň biragyzdan goldamagy Türkmenistanyň parahatsöýüjilikli we ynsanperwer daşary syýasatyna dünýä bileleşiginiň beren iň ýokary bahasydyr. 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 69-njy mejlisinde “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” atly Kararnamasynyň ýene bir gezek 193 döwletiň biragyzdan ses bermeginde kabul edilmegi bolsa Türkmenistanyň sebit we dünýä möçberinde parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen netijeli daşary syýasat konsepsiýasynyň ählumumy  ykrar edilmeginiň aýdyň subutnamasy bolup durýar.

Sona HALYKOWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň 2-nji ýyl talyby

Başga Habarlar

Teswirler

Lachin

Bitaraplyk barada örän gowy ýazypdyr. Geljekki makalalaryña uly gyzyklanma bilen garaşýan.